Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” we Döwrebap hünär endiklerini ösdürmek boýunça USAID taslamasy bilelikde “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna başlaýar. “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň maksady Türkmenistanda startaplaryň işewür-inkubasiýasy we akselerasiýasy (täze amala aşyrylan innowasion işewür-ideýalar) boýunça hyzmatlaryň bazaryny ösdürmek bolup durýar, bu bolsa, ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmek üçin we täze iş ýerlerini döretmek üçin şertleriň gowulanmagyna getirer.
2023-nji ýylda “Startap-ekoulgam” maksatnamasy startaplar tarapyndan işlenilip taýýarlanylan önümleriň we hyzmatlaryň bazarda ýerleşdirilmegine, ýurduň welaýatlaryny öz içine almagy güýçlendirmäge we wençur maýa goýujylaryň has giň toparyny çekmäge üns berer. Maksatnama aşakdaky tapgyrlardan ybarat bolar:
Maksatnamanyň dowamynda akselerasiýa kompaniýalary kabul edilen rezidentleri (gatnaşyjylary) hususy tejribelerine we okatmagyň we taýýarlamagyň usulyýetine esaslanyp taýýarlamaly bolarlar. Maksatnamanyň guramaçylary saýlanyp alnan akselerasiýa kompaniýalaryna startaplary taýýarlamagyň esasy tehnikalaryny we usullaryny özleşdirmekde, şeýle-de, maksatnamanyň ähli akselerasiýa kompaniýalarynyň rezidentleri üçin birnäçe umumy treningleri geçirmekde we wençur maýa goýujylary çekmekde ýardam ederler.
Maksatnamanyň ahyrynda her akselerasiýa kompaniýasyndan iň gowy startap-toparlar üçin startap-taslamalaryň Final bäsleşigi geçiriler (final demo-gün).
Geçen ýyllaryň “Startap-ekoulgam” synag maksatnamalary baradaky maglumaty Ykdysatçylar birleşmesiniň saýtynda tapyp bilersiňiz.
Maksatnamanyň başlanmagy bilen baglylykda, okuw merkezlerinden, konsalting kompaniýalaryndan, işgärler agentliklerinden, şeýle-de, işewür-inkubatorlaryň/akseleratorlaryň wezipelerini ýerine ýetirmäge ukyply ýa-da şolar bolmaga dyrjaşýan, beýleki kompaniýalardan we guramalardan maksatnama gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilmegi yglan edilýär. Şeýle hem, işewür-inkubatorlara/akseleratorlara usulyýet maslahatlaryny bermek wezipelerini öz üstüne aljak gurama saýlanyp alnar. Maksatnama gatnaşmak isleýän kompaniýalar/guramalar 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabryna sagat 18:00 çenli salgylanma boýunça formany dolduryp, gatnaşmak üçin arzany bermeli.
Arza bermek barada soraglaryňyz bar bolsa, şu e-poçta salgysyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris: abayramova@q2impact.com
ORIENT news
