Iň täze habarlar

Rus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylar

15.08.2023 | 02:40 |
 Rus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arheologlary RYA-nyň etnologiýa we antropologiýa institutyndan kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanda geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň barşynda näbelli gadymy tagta oýny üçin doly toplumyň üstünden bardylar. Bu barada RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň müdiri Andreý Polýakow TASS-da geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere mälim etdi.

“Bu ýyl özboluşly bir üýtgeşik tapyş etdik - mazarlaryň birinde haýsydyr bir oýna degişli heýkeljikler toplumy tapyldy. Heýkeljikler öňem birdir-ýeke tapylýady, ýöne olar tutuş toplum däldi, bu ýerde bir heýkel, ol ýerräkde – başga bir heýkeljik. Häzir bolsa biz piramida şekilli daş heýkeljikleriň 12 sanysyny, 8 sany daş topy, 3 sany gaýtadan işlenen serpentinit daşyny, 3 sany pisse miwesi görnüşindäki fişkany, 2 sany rakuşkany we kauriniň rakowinasyna, ýagny daşky gabygyna meňzetmäni öz içine alýan toplumy tapdyk. Gürrüňsiz, bu doly toplum bolsa gerek” – diýip, agentlik Polýakowyň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, indi alymlar bu gymmatly taryhy çeşmeler bilen dowamly we diýseň külpetli iş alyp bararlar, onyň maksady - Garagum sährasynyň goýnunda ýerleşen Gonur-depe şäheriniň çäginde ýaşaýan adamlaryň ýitip giden ýerli medeniýetine mahsus bolan bu gadymy oýnuň many-mazmunyna we düzgünlerine düşünmekden ybarat.

Bürünç eýýamynda, biziň eramyzdan öň 3-2-nji müňýyllygyň başynda Marguş ýa- da Margiana siwilizasiýasynyň dörän bu ýerleri gül-gülüstanlyga beslenen mekan bolupdyr.

Polýakow soňky gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň alymlary tarapyndan ýylany depeleýän öküziň görnüşi şekillendirilen uly möhüriň we gadymy ýerli medeniýet bilen baglanyşykly beýleki gyzykly tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: