Gadymy türki golýazmalar häzirki wagtda Şwesiýanyň Uppsala we Lund uniwersitetleriniň kitaphanalarynda saklanýar. Kitap neşirleriniň ýeke-täk gadymy nusgalary XIX we XX asyrlarda şwesiýaly missionerler tarapyndan ýygnaldy. Kitaphana gorlarynda türki eserleriň jemi 858-si saklanýar, olaryň 500-den gowragynyň dublikaty bar we olaryň hemmesi Özbegistana ugradylar – diýip, upl.uz habar berýär.
Özbek hünärmenleri bu seýrek duş gelýän neşirleriň sanly sanawyny döretmegi, zerur dikeldiş işlerini we ylmy gözlegleri geçirmegi meýilleşdirýärler. Bularyň hemmesi "Özbegistanda elýeterli bolmadyk türki golýazmalaryň maglumat bazasyny we elektron platformasyny döretmek" atly innowasiýa taslamasynyň bir bölegi bolar.
Gadymy ýygyndylaryň arasynda meşhur şahyrlaryň we terjimeçileriň dürli döwürleri öz içine alýan edebi eserleri bar. Ýygyndyda Nowaýy, Babury, Fizuly, sopy Allaýar we Maşrabu bilen baglanyşykly golýazmalar, şeýle hem Alişir Nowaýynyň 25 golýazmasy bar.
ORIENT news
