||
Täze Wi-Fi-router edinilenden soňra könesini ýok etmegiň geregi ýokdyr. Simsiz ýerli toryň size hyzmat eden gurluşyny täzäniň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ulanyp bolýar. Telekommunikasiýalar boýunça bilermen Wýaçeslaw Burhaýlo şeýle maslahat berdi.
Onuň aýtmagyna görä, goşmaça ugurlaşdyryjy öýdäki toryň işleýşini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Köne Wi-Fi-routeri kommutator ýa-da repiter hökmünde ulanyp, Wi-Fi-signaly güýçlendirip bolýar ýa-da esasy ugurlaşdyryja köp gurluşlary birikdirip bolýar, şeýle hem torly birikmäniň aralygyny artdyryp bolýar.
Simsiz ýerli toryň köne gurluşynyň sim arkaly täzesine birikdirilýändigini belläp geçmelidiris.
ORIENT habarlar
