Ýurdumyzyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun söwdasyna garşy göreş çäreleri barada hasabat berdi.
Şeýlelikde, Içeri işler ministrliginiň güýçleriniň serhet gözegçilik-barlag nokatlarynda harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde geçiren reýdlerinde ýurdumyzyň çägine bikanun getirilen bu önümleriň bir topary ele salyndy. Harytlary bikanun getirmäge gatnaşan raýatlara degişlilikde kanunda göz öňünde tutulan degişli çäreleriň görülendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow temmäki önümleriniň bikanun getirilmegini aradan aýyrmaga gönükdirilen işleri güýçlendirmek barada görkezme berdi, üpjünçilik zynjyryna berk gözegçilik etmegi, öňüni alyş hukuk çärelerini görmegi tabşyrdy we temmäkä garşy syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
ORIENT news
