ABŞ-nyň syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahalary galdyrylar
10.06.2023 | 12:40 |17-nji iyundan başlap ABŞ-nyň emmigrasiýa bilen bagly bolmadyk, petisiýa esaslanmaýan wizalarynyň ähli görnüşler üçin ýygymlaryň möçberi artdyrylar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Indi ABŞ-nyň talyp, syýahatçylyk we beýleki immigrasiýa däl wizalarynyň bahasy 185$ deň bolar (ozal 160$ deňdi).
Şunuň bilen baglylykda, wiza almak üçin söhbetdeşligi 17-nji iýuna we ondan soňra bellenen adamlar ýokarda agzalan wizalaryň birini almak üçin ýany bilen 185 dollar getirmeli bolarlar.
ORIENT habarlar