Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Türkiýede ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň 28-nji çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Ses bermekligiň üçünji tapgyrynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş assambleýasynda ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň başlyklygyna Numan Kurtulmuş saýlandy. Onuň üçin 321 deputat ses berdi.
Kurtulmuş Türkiýäniň häzirki dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasarydyr. Ozal ol hökümetiň metbugat sekretary, premýer-ministriň orunbasary, medeniýet we syýahatçylyk ministri wezipelerinde işläpdi.
Beýik Millet Mejlisiniň saýlanan başlygyny bu wezipä häzirki dolandyrýan Adalat we ösüş partiýasy we Milli hereket ediş partiýasy hödürlediler.
ORIENT habarlar
