Türkmenistan Astrahandaky Bütinrussiýa oba sabantuý çäresine wekilçilik etdi
29.05.2023 | 16:28 |Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmen diasporasy Türkmenistanyň Baş konsullygynyň goldamagynda XIII Bütinrussiýa oba sabantuý çäresine gatnaşdy, ol Astrahan oblastynyň Priwolžýe raýonynyň Üç ýap obasynda geçirildi.
Baýramçylykda türkmen howlusy açyldy. Milli äheňde edilen gara öýlerde türkmen halkynyň medeniýetini we ýaşaýşyny görkezýän amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezildi, ýurduň gazananlary bilen tanyşdyrýan Türkmenistan hakyndaky kitaplar görkezildi. Öz gezeginde bagşy türkmenleriň milli saz gurallary hakynda gürrüň berdi.
Astrahanda okaýan türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Küştdepdi milli tansy baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Sabantuýyň myhmanlary şeýle hem hiç bir del tagamlary söýýänleri biparh goýmajak türkmen aşhanasynyň milli tagamlaryny dadyp gördüler.
Sabantuý çäresinde dürli halklaryň we halkyýetleriň medeniýetleri görkezildi.
Tatarystan Respublikasynyň raisi Rustam Minnihanow, Perm ülkesiniň gubernatory Dmitriý Mahonin, şeýle hem Russiýada akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň wekilleri baýramçylygyň hormatly myhmanlary boldular.
ORIENT habarlar