Gizchina portalynyň redaksiýasy 2023-nji ýylda satyn alyp boljak 10 iň gowy býujet (gymmat bolmadyk) smartfonlaryň sanawyny düzdi.
Oýlanyşykly dizaýny, özbaşdak işläp bilmek üçin ajaýyp wagty bilen Motorola Moto G62 birinji ýeri eýeledi. Ýöne smartfonyň öz kemçilikleri hem bar — ol zarýady haýal alýar we kamerasy ortaçadyr.
Ikinji ýerde uly ekranly Nokia G60 5G gelýär, onuň esasy kamerasy ýokary hilli, özbaşdak işlemek wagty uly we öndürijiniň özünden uzak goldawly programma üpjünçiligi bardyr.
Liderleriň üçlügini Realme C35 jemleýär. Gizchina portalynyň bellemegine görä, gurluşyň iň gowy dizaýny bar, dury ekrany bar, şeýle hem ýokary hilli kamerasy bar. Ýöne smartfonyň birnäçe kemçilikleri bar — az öndürijilik we ekranyň ýygylygy 60 Gers.
Dördünji ýerde Redmi Note 10 Pro ýerleşdi. Onluga şeýle hem Poco M4 Pro 5G, Redmi Note 11, Redmi 10, Nokia G22 we Samsung Galaxy A13 girdiler.
ORIENT habarlar
