"Türkmenistanda öndürilen" nyşanly haýsy harytlary ýurt daşynda ýerlemek amatly
07.03.2023 | 01:15 |Türkmen eksportynyň ösüşi we onuň diwersifikasiýasy ykdysadyýetiň nebit däl pudagynyň paýynyň işjeň ýokarlanmagy we daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýän harytlaryň görnüşleriniň sanynyň artmagy bilen utgaşýar. 2022-nji ýylda ýurduň eksportynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 20 milliard dollaryna golaý, importyň möçberi bolsa takmynan, ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna deň boldy.
ORIENT-iň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň geňeşçileri “söwda erkinligini we jemgyýetiň ykdysadyýetine we işewürlik işine döwletiň gatyşmazlygyny yglan edýän Mançester ykdysadyýet mekdebiniň erkin söwda ulgamy ulanylan ýagdaýynda harytlaryň 5-den 15%-e çenli bahasyny gümrük çykdajylary, şol sanda aksizler hem tutup biler” – diýip, düşündirdiler. Şonuň üçin, harytlary import we eksport etmegiň düşewüntliligi, esasan, gümrük paçlaryndan we gümrük paçlaryna deň bolan beýleki töleglerden boşadylmagy, şeýle hem daşama möçberine çäklendirmeleriň bolmazlygy bilen kesgitlenýär.
ORIENT Türkmenistanyň serhedinden import we eksport etmek fiziki we ýuridiki şahslar üçin girdejili iş bolan harytlaryň sanawyny düzdi. Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäginde ýuridik şahslar üçin eksport-import amallaryny bellige almagyň tertibiniň görkezmelere laýyklykda, talabalaýyk ýerine ýetirilýändigini bellemelidiris. Bu ygtybarly gümrük we üstaşyr maglumatlary bermäge mümkinçilik berýär.
Amatly eksport we ýerleme
Gümrük paçlaryndan “boşadylan” we Türkmenistandan çäksiz eksport edip boljak harytlaryň sanawyna tikin we trikotaž önümleri, aýakgap, matalar, temmäki önümleri, alkogolly içgi, tele, wideo, ses we radio enjamlary, ýeňil awtoulaglar, haly we haly önümleri (maşynda dokalan görnüşlerini-de goşmak bilen), mineral suwlar we alkogolsyz içgiler, unaş önümleri, ary baly, nahar duzy, pomidor goýaltmasy, buz iýmiti (doňdurma we ş.m.), ýod önümleri, bejeriş palçyk we deňiz duzy, pagtadan taýýarlanan kosmetiki serişdeler we sargy, konserwler, deri, ýelim, konditer önümleri, pagta ýagy girýär.
Gök we bakja önümleriniň, miweleriň eksportyna ýylda iki aý - iýul we awgust aýlarynda salgyt salynmaýandygyny bellemelidiris.
Türkmenistanyň serhetýaka söwda merkezlerinde we paçsyz söwda dükanlarynda satyn alnan harytlara hem paç salynmaýar.
Amatly import we ýerleme
Gümrük paçlary tölenmeýän we Türkmenistana getirilende mukdarda çäklendirilmedik harytlaryň sanawyna aşakdakylar girýär: etiň ähli görnüşleri, ösümlik ýagy (pagta ýagyndan başga), mesge, kükürt, tohumlyk bugdaý, şeýle hem guş iými üçin bugdaý (Oba hojalygy ministrliginiň netijesi esasynda), un önümçiligi önümleri, şeker we inkubasiýa üçin ýumurtga.
Harytlaryň haýsy görnüşini Türkmenistana getirmek bolar, emma daşyna çykarmak gadagan?
Bular, ilkinji nobatda, raýatlaryň howpsuzlygyna we janyna howp abandyryp biljek harytlar, şeýle hem daşalyşy Türkmenistanda hereket edýän halkara şertnamalaryna laýyk gelmeýän harytlar. Düzgüniň berjaý edilişine häzirki wagtda 37 töweregi import nokadyny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň gümrük gullugy tarapyndan gözegçilik edilýär. Şeýle nokatlaryň iň köp sany (11) Balkan welaýatynyň paýyna düşýär.
Bu harytlaryň sanawyna şol sanda şahsy gorag serişdeleri (gaz ballonjyklary, elektroşokerler, kastetler); plastmassa oklary bolan ýaraglar; sag taraplaýyn dest dolandyryjyly awtoulaglar; öndürilen ýylyndan 5 ýyl geçmedik awtoulaglar; sport awtoulaglary; ok-däri we harby tehnika; zäherler we zäherleýji maddalar; güýji ýatyrylan gymmatly kagyzlar girýär.
Fiziki şahslar üçin Türkmenistanyň daşyna çykarylmagy gadagan edilen harytlar
• Olar – mumyýa, buýan köki we onuň ekstrakty, propolis, gymmatbahaly daşlar we olardan ýarym taýýar önümler, tagmasyz şaý-sepler, öý guşy, bekre balygy, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda girizilen haýwanlar we ösümlikler.
Haýsy haryt üçin fiziki şahslara döwlet edaralarynyň rugsady gerek?
• ot açýan ýaraglar, oklar (patronlar), pistoletler (IIM);
• radiotelefonlar, radio beketler, radio-elektron enjamlar (Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky radio ýygylyklary boýunça topar);
• Arhiw materiallary (Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi);
• sungat eserleri we gadymy gymmatlyklar (Medeniýet ministrligi);
• elde dokalan gadymy halylar we haly önümleri ("Türkmenhaly" döwlet birleşigi);
• gadymy ikonalar, dini kitaplar we ybadat zatlary (Dini guramalar bilen iş boýinça topar);
• Alabaý we tazy tohum itleri, saýraýan we aw guşlary, (Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti).
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň gümrük gullugy harytlara salgyt salmagyň tertibini ep-esli gowşatdy. Muňa täze ulag-logistika ugurlarynyň açylmagy we ösdürilmegi, şeýle hem döwlet ykdysady syýasatynyň haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilmegi öz oňyn täsirini ýetirdi. Ýurduň serhetýaka söwdasynda hem edil şular ýaly amatly ýagdaýy bellemek bolar.
Arslan MAMEDOW