Türkmen tennisçisi Täjigistanda geçirilen ýaryşda iki medal gazandy
25.03.2023 | 19:17 |Türkmen türgeni Imran Ahundow 18-25-nji mart aralygynda Duşanbe (Täjigistan) şäherinde Aziýa tennis federasiýasynyň 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen açyk çempionatynda iki medala - kümüş we bürünç baýraklara mynasyp boldy.
Aşgabat tennis akademiýasynyň wekili jübütlik bäsleşiginde özbek türgeni Akmal Arabjanow bilen bilelikde çykyş edip, kümüş medal gazandy. Final duşuşygynda türkmen-özbek jübüti 7:6 6:1 hasabynda gazak-täjik dueti Alekseýew-Moştagifarddan asgyn geldi.
Mundan başga-da, Imran Ahundow üçünji ýer ugrundaky ýekelik oýnunda Gazagystanyň wekili Marsel Alekseýewi ýeňmek bilen bürünç medala mynasyp boldy.
Aziýa tennis federasiýasynyň 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen açyk çempionatyna 14 ýurtdan 60-dan gowrak türgen gatnaşdy. Öňde Mirali Gasanowyň şägirdine Täjigistanda üç ýaryşdan ybarat bäsleşikleriň tutuş toplumy garaşýar.
ORIENT news