Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary, 25-30-njy mart aralygynda BAE-de geçiriljek ýygymyna futbolçylaryň düzümini yglan etdi. Şeýle-de bolsa, ondan ozal täze tälimçi üçin milli ýygyndynyň Malaýziýaly oýunçylar bilen 23-nji martda Johorda geçiriljek ilkinji duşuşygyny garaşýar.
2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Mergen Orazowyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigi belli boldy. Ol bu wezipede türkmen futbolçylaryny Aziýa kubogy-2023-iň jemleýji tapgyra çykaryp bilmedik Ýazguly Hojageldiýewiň ýerine geçdi.
Orazow barada aýdylanda bolsa, 34 ýaşly hünärmeniň ýolbaşçylygynda «Ahal» klubyň taryhynda ýurduň ilkinji çempionatynda ýeňiji boldy we halypanyň özi 2022 möwsüminde Türkmenistanyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.
Topar Malaýziýa uçmazdan ozal Aşgabatda bir hepdelik türgenleşik geçirdi we şondan soň baş tälimçi 24 oýunçynyň soňky sanawyny yglan etdi.
Geň galdyryjy hakykat, derwezebanyň ýerini 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmaga ýüz tutmada bolmadyk täze oýunçylar aldy.
Karýerasynyň tamamlanandygyny beýan edenn Mamet Orazmuhammedowyň ýoklugy düşnükli bolup biler, ýöne öňki derwezeban, 2022 möwsümde Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň (KPL) iň gowy derwezebany diýlip ykrar edilen «Abdyş-Ata» Rahat Japarowyň bolmazlygy sorag döredýär.
Bu gezek tälimçiler topary 2022 möwsüminiň iň gowy hem-de Türkmenistanyň ýokary ligasynyň derwezebanyny, «Altyn Asyryň» 22 ýaşly derwezebany Resul Çaryýewi we «Şagadamdan» milli ýygyndyda oýnamak tejribesi bolan Gurbanmyrat Garaýewi saýladylar.
Goranyş çyzygy geçen ýyl sanawda bolmadyk täze atlar bilen dolduryldy. Sanaw Ybraýym Mämedow we Şöhrat Söýünow (ikisi hem - «Ahal») bilen dolduryldy. Ikinjisi, milli ýygyndyda oýnamakda baý tejribä eýe.
Ýarym gorag çyzygy hem täzelenen ýaly görünýär. Täze tälimçi Ýakup Maksatowy («Kopetdag»), ýaňy-ýakynda Estoniýanyň «Narva Trans»-yň oýunçysy bolan Mirza Beknazarowy, Ilýa Tamurkini, Arzuwguly Sapargulyýewi (ikisi hem «Ahal») we Ruslan Mingazowy («Kitçi», Gonkong) çagyrdy.
Başga-da bir gyzykly hakykat hem, jemleýji sanawa birbada «Ahal»-yň 12 oýunçysy, ýagny yglan edilenleriň ýarysy goşuldy. Arzada «Altyn Asyr»-dan ýedi adam, «Kopetdag»-dan iki we «Şagadam»-dan bir wekil bar. Ýene ikisi daşary ýurt klublarynyň wekilleri.
Hüjüm çyzgysy geçen ýyldakydan düýpgöter tapawutlanýar. Oňa: Türkmenistan- 2022 iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew («Altyn Asyr»), Meýlis Diniýew, Şanazar Tirkişow (ikisi-de «Ahal») girdiler.
Mekan Saparow, Altymyrad Annadurdyýew, Ruslan Mingazow we Arslanmyrat Amanow ýaly uly we tejribeli oýunçylardan başga-da Resul Çaryýew, Meýlis Diniýew we Mirza Beknazarow ýaly ýaş we geljegi uly oýunçylaryň milli ýygyndy toparyna çekilýändigini bellemelidiris.
Ýakynda geçiriljek türgenleşik we dostlukly oýun Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA-2023 çempionatyna we 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlyk görmegiň deslapky tapgyry bolar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň milli ýygyndysy eýýäm Malaýziýa bilen oýun oýnady. Şonda şowlulyk 2022-nji ýylyň iýunynda Aziýa kubogy 2023-e saýlanmagyň çäginde 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan Malaýziýanyň futbolçylarynyň tarapyndady.
Häzirki duşuşyk rewanş almak üçin bir pursat bolup, täze tälimçi üçin bolsa jogapkär wezipä bellenmegiň ýakyn wagtda milli futbol üçin öz miwesini berjekdigini ýatlatmakdyr.
Aşakda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi bilen has giňişleýin tanyşmagy teklip edýäris:
Derwezebanlar: Resul Çaryýew - «Altyn Asyr», Gurbanmyrat Garaýew - «Şagadam».
Goragçylar: Hoşgeldi Hojowow, Mekan Saparow - ikisi-de «Altyn Asyr», Ýakup Maksatow - «Köpetdag», Şöhrat Söýünow, Abdy Bäşimow, Ata Geldiýew, Ybraýym Mämedow - hemmesi «Ahal».
Ýarym gorag çyzygy: Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Arslanmyrat Amanow, Elman Tagaýew, Arzuwguly Sapargulýew - hemmesi «Ahal», Ahmet Ataýew, Myrat Annaýew, Yhlas Saparmämmedow - hemmesi «Altyn Asyr», Begenç Akmämmedow - «Köpetdag», Ruslan Mingazow - «Kitçi», Gonkong, Mirza Beknazarow - «Narva Trans».
Hüjümçiler: Didar Durdyýew - «Altyn Asyr», Meýlis Diniýew, Altymyrat Annadurdyýew, Şanazar Tirkişow - hemmesi «Ahal».
ORIENT news
