Witaminlere syn: siziň saglygyňyz üçin 13 hökmany madda
07.03.2023 | 11:26 |Witaminler fiziologiki prosesleriň tizligini ýokarlandyrýar, daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goraýar, bedeniň ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar we sagalmaga ýardam edýär. Size sagdyn bolmaga kömek etjek witaminler boýunça doly syny (ýöne gysgaça) teklip edýäris.
Witamin А (retinol)
Ol önümleriň üsti bilen bedene düşýär, şeýle hem ösümliklerden alynýan önümlerdäki beta-karotini işlemek arkaly biziň bedenimiz tarapyndan özbaşdak sintezirlenip bilýär.
Witamin А näme üçin gerek:
– göreç üçin (konýunktiwany we göz perdesini goldaýar),
– bedende köp öýjükleriň ösmegini goldaýar,
– nemli bardalaryň kadaly ösüşi üçin peýdaly,
– antioksidant proseslerini kadalaşdyrmak üçin zerur,
– çaga dogruş funksiýasyny üpjün etmek üçin gereklidir.
A witamininiň aşa köp bolmagy düwünçegiň ösüşinde kadadan çykma, süňkleriň mineral gurluşynyň dykyzlygynyň kemelmegine we bagra zyýan ýetmegine getirip bilýär. Ýöne bu diňe iýmite goşmaça ulanylan halatynda bolup bilýär. Iýmit bilen A witaminiň zäherli möçberini almak mümkin däldir. Bu maddanyň howpsuz günlük ölçegi – 3 mg.
D witamini (holekalseferol)
Oňa başgaça «güneş», hem diýilýär, sebäbi ol günüň ultramämişi şöhlesiniň täsiri bilen emele gelýär. Emele gelýän witaminiň mukdaryna köp faktorlar: günüň täsir edýän derisiniň üstüniň meýdany, ýylyň pasly, geografiki giňişlik, deriniň ýakallygy, adamyň ýaşy täsir edýär.
D witaminiň peýdasy:
– kalsiýniň we fosforyň özleşdirilmegine ýardam edýär,
– süňkleriň we dişiň ösmegi üçin zerurdyr,
– ganyň lagtalanmagy üçin we ýürek işjeňligini goldamak üçin peýdaly,
– infeksiýalar bilen zäherlenmek töwekgelçiligini kemeldýär we diabetiň (süýji keseliniň) döremegini azaldýar.
– daýanç-hereket ediş ulgamynyň işinde gatnaşýar.
D witamini ýetmezçilik edende çagalarda rahit keseli döräp bilýär, ulularda bu witaminiň ýetmezçiligi osteomalýasiýanyň (süňkleriň ýumşamagynyň) we osteoporozyň (süňk dokumasynyň dykyzlygynyň peselmegine) döremegine ýardam edýär.
Bioaktiw goşundylardaky D witaminiň köp mukdary ganda kalsiýniň derejesiniň ýokarlanmagyna we böwrek ýetmezçiligine getirip biler. Iýmit bilen D witaminiň artykmaç alynmagy, eger-de balyk ýagyny köp sarp etmeseň, asla mümkin däl.
Е witamini (alfa-tokoferol)
Bedende bu iýmit maddasynyň ýetmezçiligi newropatiýany (periferiýa nerwleriň zeperlenmegini) we gemolitiki anemiýany (eritrositleriň düşmegi bilen şertlendirilen az ganlylygyň görnüşi) döredýär.
Е witamin gerekli:
– öýjükleriň garramak prosesini haýallatmak üçin,
– gemoglobiniň kadaly derejesini saklamak üçin,
– kapillýarlaryň diwarjyklaryny berkitmek üçin,
– gan öýjüklerini goramak üçin, bu bolsa bedeniň kislorod bilen üpjün edilişini gowulandyrýar we umumy gorag funksiýasyny artdyrýar,
– ganyň lagtalanmagy üçin, miokardanyň, nerw dokumalary we immunitet üçin,
– çaga dogruş funksiýasyny saklamak üçin.
Adatça kadaly, sagdyn adamlarda E witaminiň ýetmezçiligi bolanok. Onuň ýetmezçiligi ýaglaryň ýeterlik siňdirilmezligi ýa-da genetiki meseleler sebäpli bolup biler.
К witamini
Onuň esasy işi – ganyň lagtalanmagy, diýmek ol ýaralaryň bitmegi üçin möhümdir. Şeýle hem К witamini proteinleriň sintezine gatnaşýar we süňkleri we bedeniň dokumalaryny berkidýär.
Bedende bu witaminiň ätiýaçlyklary uly däldir. Eger-de iýmit bilen bu maddadan gaty az alynsa, onuň bagyrdaky ätiýaçlyklary gutaryp biler. Täze doglan çagalarda we gany suwuk etmek üçin dermanlary içýänlerde ganyň lagtalanmagynyň bozulmagy mümkin: gögerme aňsatlyk bilen peýda bolýar we gan akmagy mümkin.
В Toparynyň witaminleri
B witaminleriniň esasy funksiýasy — öýjüklerdäki metabolizmi dolandyrmak we nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrmakdyr. Bu witaminler bedende toplanmaýar, şol sebäpli olary hemişe sarp etmek gerek.
Peýdasy:
– öýjükleriň täzelenmegi üçin gerekli,
– immuniteti saklaýar,
– aşgazanyň we içegäniň işi üçin möhüm,
– diabetiň döremegini duýduryp, gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrmaga gatnaşýar,
– newrologiki we ruhy bozulmalarda berilýär, hususan-da, uzaga çeken çökgünlikde, newrozda, sustlukda
– anemiýada (gan azlykda) maslahat berilýär.
Häzir bu topara sekiz madda degişlidir, olaryň hersiniň öz ady we tertip belgisi bar:
– В1 (tiamin). Ýaglardan, uglewodlardan we beloklardan energiýany boşadýar.
– В2 (riboflawin). Gözüň, deriniň we nemli bardalaryň saglygy üçin zerurdyr, madda çalşygy reaksiýalarynyň ählisine gatnaşýar.
– В3 (niasin, Р witamin, РР witamin). Esasy funksiýasy — ýaglaryň we beloklaryň sintezi, metabolizm prosesinde işjeň gatnaşýar.
– В5 (pantoten turşusy). Antitelleriň sintezine işjeň gatnaşýar, dokumalaryň gaýtadan dikelmegini tizleşdirýär. Az mukdarda beden tarapyndan sintezirlenýär.
– Witamin В6 (piridoksin). Uglewod alyş-çalyşygy üçin gerekli bolan gemoglobiniň döremegine gatnaşýar, nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar, gyzyl gan öýjükleriniň we antitelleriň öndürilmegine gatnaşýar.
– Witamin В7 (biotin). Kaloriýa saklaýan birikmelerden energiýanyň boşadylmagyna gatnaşýar. Içege tarapyndan (sagdyn) ýeterlik mukdarda öndürilýär.
– Witamin В9 (foliý turşusy). Ösüş we immunitet üçin gerekli bolan nuklein turşusynyň, leýkositleriň we eritrositleriň döremegine jogap berýär. Göwrelilerde düwünçegiň ösmegine ýardam edýär.
– Witamin В12 (kobalamin). Gyzyl gan öýjükleriniň döremegi üçin gerek, nerw ulgamynyň ösmegine we işine jogap berýär.
Bu witaminleriň funksiýasynyň meňzeş ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne hakykatda olaryň her biri elýetmezdir we ajaýyp özboluşlyklary bardyr. B witaminleriniň her birini aýry-aýry kabul etmän, toplumlaýyn kabul etmek has peýdaly hasaplanylýar. Biziň iýmitimiz has köp şu toparyň witaminlerine baýdyr, ýöne geçirlen nerw sarsmalary, birmeňzeş iýmitlenmek, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri, göwrelilik döwri we laktasiýa olaryň bedende ýetmezçiligine getirýär.
В witamininiň ýetmezçiliginiň esasy alamatlary:
– deri örtüginiň gijemegi we gurak bolmagy,
– düwürtikleriň we wagtyndan öň ýygyrtlaryň peýda bolmagy,
– saçlaryň düşmegi
– nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy (ukysyzlyk, gaharjaňlyk, nerw tutgaýlary),
– işdäniň kesilmegi,
– gönükdirilip bilinmezlik.
B witamininiň hemişelik ýetmezçilik etmegi holesteriniň we şekeriň ýokarlanmagyna, ganyň azalmagyna getirýär, ruhy newrologik keselleriň döremegine getirýär, çagalarda we ýetginjeklerde beden taýdan ösüş haýallaýar. Witaminiň ýetmezçiligi göwrelilerde çaganyň düşmegine, öli dogulmagyna howp salýar, düwünçek ösende agyr keselleriň döremegi mümkin.
Dermanhanada satylýan B witaminini sarp etmek aýratyn möhüm bolan adamlaryň topary: türgenler, göwreli aýallar, garry ýaşly adamlar, wegeterianlar, gara çaýy we kofäni halaýanlar (bu önümler В witamini dargadýar).
С witamin (askorbin turşusy) Bu gandaky we dokumalaryň öýjügindäki esasy suwda ereýän antioksidantdyr. Biziň bedenimiz С witaminini öndürmäge ýa-da ony ýygnamaga ukyply däldir, şol sebäpli onuň ätiýaçlygyny hemişe dolduryp durmaly.
С witamini aşakdaky halatlarda gerekdir:
– deriniň, dişiň etiniň, dişleriň we süňkleriň ösmegi üçin
– ýaralaryň kadaly bitmegi üçin,
– bedeniň garşylyk görkezmegini ýokarlandyrmak üçin, bahardaky ýadawlygyň we stresiň öňüni almak üçin,
– bedene düşýän foliý turşusyny folatlara öwürmek üçin,
– beýniniň kadaly işlemegi üçin,
– steroid gormonlaryň sintezini dolandyrmak üçin, holesterinden öt turşusynyň emele getirilmegi üçin we gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyrmak üçin,
– ösümliklerden alnan iýmitden demri sorup almagy güýçlendirmek üçin.
С witamininiň ýetmezçiligi bedeniň okislenmek proseslerine peselen ukybynda, güýçden gaçmagy we gaharlanmak bilen ýüze çykýar. Onuň juda köp bolmagy iýmit siňdirişiň bozulmagyna getirýär we böwreklerde daşlaryň köp emele gelmegine getirýär.
Witaminleriň esasy çeşmesi — gerdejikler we iýmit goşundylary däldir, deňagramlaşdyrylan berhizdir. Haýsy iýmit önümlerinde ol ýa-da beýleki maddalaryň iň köp mukdary saklanýar, ony aşakdaky suratda görersiňiz. Käwagtlar hassalyk sebäpli, metabolizmiň aýratynlyklary ýa-da genetika sebäpli witaminleriň ýetmezçilik etmegi mümkin. Bu ýagdaýda giperwitaminden we onuň ýanaşyk täsirlerinden gaça durmak üçin dogry möçberi lukman belläp bermelidir.