“Belawiýa” Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy
04.03.2023 | 17:59 |Belorussiýanyň “Belawiýa” awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça biletleriň iň pes bahasyny ABŞ-nyň 262,80 dollary derejesinde kesgitledi.
7-nji marta ekonom klass üçin awiabiletleriň bahasynyň 262 dollardan, 14-nji we 18-nji marta - 321 dollardan, 28-nji marta 289 dollardan başlaýandygy habar berildi. Iň pes nyrh boýunça ýerleriň sany çäklidir. Bilet bahalary üýtgäp biler.
Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlaryň hepdede bir gezek amala aşyrylýandygyny ýatlatmak isleýäris. Uçar Minsk howa menzilinden sişenbe güni sagat 22:40-da ugraýar we çarşenbe güni ýerli wagt bilen 4:45-de Türkmenbaşy şäherine gonýar.
“Belawiýa” uçuş gatnawlaryna onlaýn biletleri www.belavia.by internet saýtynda, şeýle hem iOS we Android programmalary arkaly satyn almak bolar.
ORIENT news