Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky VISA Virtual täze bank kartyny girizdi, onuň kömegi bilen daşary ýurt internet-dükanlarynda söwda edip bolýar we daşary ýurt onlaýn-serwislerine töleg töläp bolýar.
Täze kart ýörite internetde howpsuz satyn almalary amala aşyrmaga niýetlenendir. Onuň kömegi bilen islendik adam onlaýn-satyn almalary amala aşyryp bilýär, hyzmatlary sargyt edip bilýär, elektron biletleri satyn alyp we oteli bronlap bilýär.
Mysal üçin, wirtual kartyň üsti bilen Google Play-iň we App Store-iň ykjam goşundylaryna ýazylyp bolýar, meşhur daşary ýurt onlaýn-dükanlarynda satyn alan zadyňa töleg geçirip bolýar we başga-da köp zatlary edip bolýar.
Sanly kartyň aýratynlygy – fiziki göterijiniň bolmazlygydyr. Ony resmileşdirenden soňra ulanyjy diňe rekwizitleri alýar — bu kartyň belgisi, hereket edýän möhleti, barlag kodlarydyr. Onlaýn-hasaplaşyklary geçirmek üçin şu maglumatlar ýeterlikdir.
Karty açmak üçin müşderilere Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň şahamçasyna pasport we onuň nusgasy bilen gelip, arza doldurmak we hasaba başlangyç möçberi girizmek ýeterlikdir. Serişdeler karta ABŞ-nyň dollarynda salynýar we saklanylýar.
Goşmaça maglumaty Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň merkezi edarsynda, şeýle hem Aşgabat şäherindäki we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçalaryndan bilip bol;ýar.
ORIENT habarlar
