Iň täze habarlar

Akylly söwda etmek: marketing mekirlikleri bizi nädip satyn almaga mejbur edýär

02.02.2023 | 17:38 |
 Akylly söwda etmek: marketing mekirlikleri bizi nädip satyn almaga mejbur edýär

Dükanlaryň siziň eliňiz paketden doly öýleriňize gaýdyp gelmegiňize her hili synanyşyp, giden ulgamy we ýaşyryn düzgünleri bar. Marketologlar sarp edijileriň aňyna her hili tärler bilen täsir edýärler we özüň duýmazdan köp söwda etmäge itekleýärler. Bu makalada siz gündelik ýüzbe-ýüz bolunýan iň meşhur marketing hilelerini taparsyňyz. Şeýle hem olara nädip boýun bolmazlyk baradaky maslahatlar berilýär.

1. Gytçylyk illýuziýasy

Bu usuldan hem internet-dükanlarda, şeýle hem adaty dükanlarda peýdalanýarlar. Meselem, «satyn almak» nokadynyň gapdalynda bu harytdan birnäçesiniň galandygyny ýazýarlar: «soňky haryt», «3 sanysy galdy». Duýgy taýdan şunuň ýaly çäklendirilme tiz satyn almaklyga itekleýär. Edil şunuň ýaly ýörelge boýunça myhmanhanadaky otaglar ýa-da uçuş biletleri bilen işleýärler: «şu bahadan bu uçara bary-ýogy 3 ýer galdy».

Offlaýn dükanlarda meşhur nyşanlaryň harytlary doly möçberde görkezilmeýär. Gelýänler harydyň gytlykdadygyna ynanýarlar we ony satyn alýarlar. Käwagtlar möhleti geçen harytlary şunuň ýaly mekirlik bilen satmaga synanyşýarlar.

Nädip gaça durmaly:

Eger-de siziň onlaýn görýän harydyňyzyň sany çäkli bolsa, olary başga saýtlardan gözläp görüň. Ähtimal – şoňa meňzeşini taparsyňyz ýa-da has arzan bahadan taparsyňyz. Adaty supermarketde duýdansyz döreýän hyýalyň ugruna gitmäň. Dükana gideniňizde aljak zatlaryňyzyň sanawyny düzüp gidiň.

2. Süýjülikler kassada, çörek bolsa aňyrda bir ýerde

Supermarketde tekjeleriň ýerleşişi hiç wagt tötänleýin bolanok. Birden isleg bildirilýän harytlary (sakgyç, süýjüler, şokoladlar, kofe) kassanyň ýanynda goýýarlar. Iň gerekli azyk önümleri dükanyň içinde ýerleşýär. Sebäbi olaryň ýanyna barýançaňyz, beýleki harytlary hem görýärsiňiz.

Gök önümleri we miweleri başynda goýýarlar: ilki bilen satyn alyjy almak üçin gelen zadyny satyn alýar, soňra rahat beýleki önümleri öwrenip bilýär. Şeýle hem «atanaklaýyn tozanlanma» düzgüni bardyr, ýagny haçanda üstüni ýetirýän harytlar bir-birine ýakyn goýlanda (çaý we süýjülikler, unaşlar we souslar).

Bu ýörelge onlaýn dükanda hem işleýär. Harydy gözden geçireniňde hökman gönükdirme peýda bolýar ýa-da “bu haryt bilen bile satyn alýarlar” diýen bölüm bardyr.

Nädip gaça durmaly:

Näme almalydygyny we haýsy bahadan almalydygyny öňünden kesgitläň. Ortaça mukdary hasaplaň we köp sowmazlyk üçin ýanyňyza diňe şol bellän mukdaryňyzy alyň. Eger-de dükan tanyş bolsa, takmyny ugur boýunça gidiň we şondan çykmaň.

3. Terlik – birinji ýerde däldir

Supermarketde ilki bilen ýaramlylyk möhleti azalan harydy satmaga synanyşýarlar. Şonuň ýaly harydy birinji hatara goýýarlar. Ter hem täze, ýaňy getirilen harydy diwaryň aşagyna düzýärler.

Nädip gaça durmaly:

Iň täze süýdi ýa-da peýniri satyn almak üçin harytlaryň goýlan iň soňky hataryna serediň.

4. Aksiýa 1+1 ýa-da birnäçe harydy satyn alana arzanladyş

Ambarda uzak wagtlap ýatan harydy satmagyň iň ýönekeý usuly – bir harydyň bahasyna iki haryt aksiýasydyr». Hem onlaýn, hem offlaýn birmeňzeş işleýän örän meşhur usul. Köplenç bize birmeňzeş iki sany haryt gerek bolanok, ýöne ony mugt almak teklibi satyn almaga itekleýär.

Edil şunuň ýaly dürli arzanladyşlar täsir edýär. Harydy satyn alyp, biz tygşytlamyzok, sebäbi ilki bilen harydyň bahasy galdyrylýar, onsoň arzanladyş yglan edilýär.

Ene-de arzanladyş bilen köplenç möçberi kiçeldilen harytlary goýýarlar: meselem, 0,7 litrlik ösümlik ýagy ýa-da 0,8 gramlyk ýarma. Ýöne bu 10% artyk tölemek arkaly, siz bir litrlik ösümlik ýagyny ýa-da bir kilogram ýarmany hiç hili arzanladyş bolmazdan alyp bilerdiňiz.

Nädip gaça durmaly:

Bahadaky maglumaty we çekdäki maglumaty ünsli barlaň. Arzanladyşy kassada urman hem bilýärler, olar adama jedelleşmek ýa-da önümi almakdan ýüz döndermek gelşiksiz bolar diýip, pikir edip bilerler. Şeýle hem satyn almazdan öňürti ýaltanman size beriljek hakyky arzanladyşy okaň.

5. Gözüň öňünde -satyjy üçin iň amatlysy

Harytlaryň tekjede ýerleşdirilişi uly ähmiýete eýedir. Gözüň derejesinde – dükan üçin girdejili orunlar görkezilýär. Ondan ýokarda ýa-da aşakda ýerleşýänleriň – bahasy tapawutlydyr. Onlaýn-dükanlarda bu adaty bellenilip goýlan görnüşlerde görünýär – başynda has çalt satmak islenilýän zatlar goýulýar.

Aşaky tekjede birden satyn alynmaýan harytlar goýulýar. Olaryň yzyndan islendik halatda – un, duz, ýag gelýär. Ýokarky tekje – bu degişli bahasy bolan «derejeli önümdir», ortasyndaky bolsa iň gowy wariant – gymmat hem däl, arzanam däl. Hut şol önüm dükana iň köp girdeji getirýär.

Nädip gaça durmaly:

Amatly harydy tapmak üçin tekjäni gözden geçiriň. Eger-de internet-dükanda satyn alýan bolsaňyz, “iň amatlysy” belligine özüňizi aldatmaň. Hyzmatlary ýa-da harydy öz islegiňize görä we baha bolan garaýşyňyza görä saýlaň.

6. «Satuwyň hiti» we «iň gowy baha»

Şu hili bellikleri bahalarynda we harytlarda marketologlar bu zada oňyn häsiýet bermek üçin goşýarlar. Bu harytlar köplenç meşhur mahabatçy ýa-da bilermen tarapyndan mahabat edilýär. Satyn alyjy mahabata ynanýar, diýmek – harydy satyn alýar.

Nädip gaça durmaly:

Seslenmeleri öwreniň, harydyň dürli dükanlardaky bahalaryny deňeşdiriň, düzümini okaň ýa-da ýarlykdaky beýany okaň. Siz edil şunuň ýaly häsiýetnamasy bolan we ep-esli arzan bolan harydy tapyp bilmegiňiz mümkin. 7. Bahalardaky arzanladyşlar

Haryda arzanladyş bolmaly – bu ähli dükanlaryň ýaşyryn düzgünidir. Şunda köplenç aksiýadaky baha – doly bahadyr, nyrh görkezijidäki ýazgy (köplenç üsti çyzylan bolýar) – adaty oýlap tapmadyr. Muňa «labyryň täsiri» diýilýär: satyn alyjy başlanýan nokady görýär we ony amatly görýär.

Ýene-de gymmat bahaly harytlar bilen bir tekjä örän gymmat harytlary goýýarlar. Satyn alyjy dürli bahalary görüp, iň amatlysyny satyn alýandygyna ynanýar.

Nädip gaça durmaly:

Satyn almak isleýän harydyňyzyň häsiýetnamasyny öwreniň we ony arzany bilen deňeşdiriň. Hakyky artykmaçlygyna düşünmäge synanyşyň we ony bahalary bilen gatnaşyga goýuň.

8. 90 ýa-da 99 bilen gutarýan baha

Bahanyň 99 bilen gutarmagy – bu ýene-de bir hiledir. Sebäbi köpler entägem 1190 manadyň ýerine 1000 tölemeli diýip hasap edýärler.

Nädip gaça durmaly:

Bahalary hemişe artýan tarapyna tegelekläň, tersine däl: 1190 baha– bu 1200 manat diýmekdir, ilkibaşda görünişi ýaly 1100 däl.

9. Islegiň döredilmegi

Bu usul onlaýn-satuwlarda ulanylýar. Saýty öwrenýän wagtyňyz habar peýda bolýar we siziň bilen birbada häzir şol önümi ýene-de 5 adamyň gözden geçirýändigini aýdýar. Haryt elden gider gorkusy bilen, biz şol bada ony sargyt edýäris. Saýtda aksiýanyň gutarýan wagtyny görkezýän taýmer – bu psihologik basyşyň ýene-de bir guralydyr.

Nädip gaça durmaly:

Muňa akylly-başly çemeleşiň. Biz gytlygyň müňýyllygynda ýaşamyzok. Eger-de zat meşhur bolsa – ol ýene-de satylar. Ol başga dükanda bolsun ýa-da birnäçe wagt soňra bolsun. Saýty 15 minutlyk ýapyň-da, pikirleniň – size şol zat şeýle möhümmi.

10. Offlaýn-dükanlar üçin ýakymly yslar we sazlar

Dükanlarda ýaňy bişen kökeleriň ýa-da kofeniň ysy ýakymly bolup gelýär. Bu mydama tebigy proses bolman, oýlanyp edilen göçümdir (eger-de dükanyň öz çörek bişiriji sehi bolmasa). Köplenç işgärler mikropeçde bir zatlar gyzdyrýarlar ýa-da özlerine kofe demlenýärler.

Saz hem edil şunuň ýaly usulda işleýär. Ol hüşgärligi peseldýär, gowşadýar, anyk bir dükan bilen meňzeşligi döredýär.

Nädip gaça durmaly:

Ýakymly yslaryň işdäňizi höweslendirmezligi we çykdajy etmezlik üçin söwda etmäge dok bolup gidiň. Şeýle hem ykjam boluň, ýadaw bolmaň. Dükandaky saza üns bermezlik üçin öz aýdymyňyzy gulaklyklarda diňläň.

11. Supermarketde harytlaryň ýeriniň üýtgedilmegi

Belli bir wagt aralygyndan dükanda ýerler doly üýtgedilýär. Bu gerekli bolan harydyň nirede ýerleşýändigini anyk bilmezligiňiz üçin, şol sebäpli ähli tekjeleri gözden geçirmegiňiz üçin edilýär. Şeýlelik bilen, siziň satyn alýan zatlaryňyzyň horjuny dolýar.

12. Uly arabajyklar

Köplenç dükanlarda arabalaryň we horjunlaryň gatnaşygy deň däl. Bu satyn alyja köp zat aldyrmagyň ýene-de bir usulydyr. Eger-de araba ýarym doly bolsa, biziň aňly derejede ony doldurasymyz gelýär.

Nädip gaça durmaly:

Eger-de siz köp mukdarda haryt satyn almajak bolsaňyz, onda horjun alyň. Eger nähili hem bolsa arabajyk almaly bolan bolsaňyz, onda bary-ýogy birnäçe harydyň bolmagy gorkunç zat däl.

13. Çagalar dükanda

Çagalar bilen dükana gitmek – bu uly ýalňyşlykdyr. Çaganyň haýsydyr bir süýjüligi ýa-da oýunjagy alasy geljekdigine ynanaýyň. Gykylykdan gaça durmak üçin, ene-atalar düzgün boýunça, öz çagalaryna şol süýjülikleri satyn alyp berýärler. Üns berseňiz çagalara niýetlenen ähli harytlar – aşaky tekjelerde ýerleşýär, ýagny olar çaganyň gözüniň derejesinde durýarlar.

Nädip gaça durmaly:

Çagalary özüňiz bilen dükana alyp gitmäň ýa-da olara bu gün hiç zat almajakdygyňyz barada öňünden gepleşiň, şol pullary bolsa çagalaryň pul toplaýan gaznajygyna salyň.

ORIENT

Foto: Canva

Şeýle hem okaň: