Iň täze habarlar

Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi

26.01.2023 | 04:02 |
 Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi

Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Мüňlerçe maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna we kottejler toplumyna göçüp geldiler.

Toplumyň merkezi girelgesine barýan ýoluň ugrunda ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler hatara düzüldiler.

Şeýle hem bu künjekde gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň we joşgunly gündogar bazarlarynyň keşbi janlandyryldy. Täjirler öz harytlaryny hödürläp, alyjylaryň ünsüni özüne çekmek maksady bilen, dürli tymsallary getirýärler. Şol bir wagtyň özünde hoş owazly sazlaryň sesi eşidilýär, şatlykly gülküler dik asmana göterilýär.

Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ata Watanymyza, halkymyza birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline tagzym etdiler.

Olar binanyň içine girdiler. Onda Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýi ýerleşýär. Dabara gatnaşyjylar muzeýiň gymmatlyklary, arhiw materiallary, dürli resminamalaryň we şahsyýetnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglarynyň we harby derejeleriniň nusgalary, fotosuratlar bilen tanyşdylar.

Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bu ýerde el çarpyşmalaryň astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser edenlere amatly öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Täze jaýlaryň amatlylyk derejesi, otaglaryň ýerleşdirilişi ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär we onuň gurluşygyna bildirilýän talaplar doly berjaý edilýär.

Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Onuň otaglary häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeler arkaly enjamlaşdyryldy hem-de IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi.

Öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Öýüň giň eýwany, uly myhman otagy, özbaşdak durmuş üpjünçiligi bolan ýatylýan otaglar degişli derejede enjamlaşdyryldy. Onuň aşhanasynda durmuş tehnikasy, ykjam mebel oturdyldy. Jaýyň hojalyk desgalary bar.

Kottej jaýlary toplumynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertler bar. Şunuň ýaly jaýlar gurlanda, halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş ulgamyna degişli dessurlaryň aýratynlyklary, ýaşaýjylaryň sargytlary göz öňünde tutulýar. Kottej jaýlarynyň gurluşygynda ýerli çig mallarynyň esasynda taýýarlanan durnukly gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Şeýle hem jaýyň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerine niýetlenen ýerleriň göz öňünde tutulandygyny bellemeli.

Öýleriň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Şeýle hem ýolýakalaryna, öýleriň ýanynda bag nahallary oturdyldy. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň, adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmek üçin şertleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Foto: Ватан

Şeýle hem okaň: