Iň täze habarlar

Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi

07.01.2023 | 17:41 |
 Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi

Ahal FT-nyň halypasy, Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi. Bu karar Türkmenistanyň futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky ýygnagynda kabul edildi.

Mergen Orazow 2022-möwsümde «Ahal» klubynyňtaryhynda ilkinji gezek çempionlygy getirip, Türkmenistanyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi.

Şeýle hem Ýerine ýetiriji komitetiň karary bilen ýurduň futzal boýunça milli toparynyň baş tälimçisisaýlandy. Ol Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň «Deňizçi» toparynyň tälimçisi Ýakup Öwezow boldy. Geçen möwsümde topar onuň tälim bermeginde futzal boýunça ýurduň Superligasynda ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi (23 ýaşa çenli), Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradowyň we Seýit Seýidowyň, şeýle hem Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň halypasy Kamila Mingazowanyň ygtyýarlyklary uzaldyldy.

ORIENT habarlar
Surat: http://tff.com.tm/

Foto: http://tff.com.tm

Şeýle hem okaň: