
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda tamamlanan futbol möwsüminiň jemini jemlediler, onuň çäklerinde Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy “Köpetdag” FK-nyň oýunçysy Begen Akmämmedow boldy. 24 ýaşly ýarym goragçy 19 gol salmagy başardy.
«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynyň iň gowy bombardiri diýlip ykrar edildi. Onuň hasabynda derwezä girizilen pökgileriň sany 27 boldy.
Öz gezeginde toparyň halypasy Mergen Orazow 2022-nji ýylyň möwsüminde ýurduň iň gowy tälimçisi adyna eýe boldy. Onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» öz taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazandy we Türkmenistanyň kubogynyň eýesi boldy. Öz baýrak derejesinde «Ahalyň» derwezeçisi Rasul Çaryýew başgalara gezek bermedi we iň birinji derwezeçi boldy.
«Feýr-pleý» baýragy iň gowy tertibi görkezen topara gowşurylýar, ol baýraga bu ýyl «Merw» topary eýe boldy.
Sport habarçylarynyň we Türkmenistanyň ýokary futbol ligasynyň wekilleriniň ses bermeleri 2022-nji möwsümiň hem birinji hem ikinji düzümde 22 sany iň gowy futbolçysyny anyklady.
Birinji düzümiň iň gowy oýunçylary «Ahalyň» derwezeçisi Rasul Çaryýew, goragçylar Mekan Saparow («Altyn Asyr»), Abdy Bäşimow, Şöhrat Söýünow, Ata Geldiýew, (hemmesi «Ahal»); ýarym goragçylar Mürze Beknazarow, Arslanmyrat Amanow (ikisem «Ahal»), Ahmet Ataýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisem «Altyn Asyr»); şeýle hem, hüjümçiler Didar Durdyýew («Ahal») we Begenç Akmämmedow («Köpetdag») boldular.
Ikinji düzümde tapawutlandylar Mämmet Orazmämmedow («Altyn Asyr») – derwezeçi, Zafar Babajanow, Yhlas Toýjanow (ikisem «Altyn Asyr»), Serdar Baýramow («Köpetdag»), Ybraýym Mämmedow («Ahal») – goragçylar; Ilýa Tamurkin, Elman Tagaýew («Ahal»), Mekan Aşyrow («Şagadam»), Myrat Annaýew («Altyn Asyr»)- ýarym goragçylar; Alibek Abdurahmanow («Merw»), Kerim Hojaberdiýew («Şagadam») —hüjümçiler.
ORIENT habarlar
Surat: Türkmenistanyň futbol Federasiýasy