«Ahal» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolup, şu möwsümde öz goruny ýene bir baýrak bilen doldurdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň web saýty habar berýär.
Jemleýji oýunda Mergen Orazowyň türgenleri «Şagadam» futbol toparyndaky garşydaşlaryny 5:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Oýnuň dowamynda Şanazar Tirkişow, Didar Durdyýew, Ýunus Orazmämmedow (öz derwezesine), Elman Tagaýew we Resul Hojaýew pökgileri derwezeden geçirdiler.
Kubogy gazanmak ugrundaky ýolda «Ahal» komandasy «Altyn Asyr» we «Merw» futbol toparlaryndan üstün çykmagy başardylar.
Ondan öň «Ahal» 2013, 2014 we 2017-nji ýyllarda ýurduň Kubogyny eýelemegi başarypdylar.
Geçen hepde «Ahal» türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 4:2 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň çempiony boldy
ORIENT news
Surat: Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyňky
