Iň täze habarlar

Tehno – täzelikler: Google gadžetler bazaryndaky ornuny nädip berkidýär

20.10.2022 | 15:00 |
 Tehno – täzelikler: Google gadžetler bazaryndaky ornuny nädip berkidýär

Google kompaniýasy uzak garaşylan tapgyryny çykarmaga taýýarlanýar. Şol bir wagtyň özünde olar öz önümleriniň birnäçesini hödürlediler, olaryň hatarynda: smart–sagatlar, smartfonlar we planşetler bar.

Pixel Watch – Google tarapyndan hödürlenýän ilkinji akylly sagat

Köpleriň garaşan önümi birwagtyň özünde hem haýran galdyrýar, hem-de gynandyrýar. Täze gadžet adaty bolmadyk jedelli çözgütleriň birnäçesini özünde jemleýär, şonuň üçin hem, megerem, olar hemmeleriň göwnüne ýarap bilmez. Beýle bolar ýaly, olarda näme bar?

Техно-дайджест: как Google врывается на рынок гаджетов

Google Pixel Watch: häsiýetnamalary:

Sagat 1000 nite çenli ýagtylygy we AlwaysOn Display funksiýasyna esaslanýan AMOLED tegelek displeýine eýedir. Paneliň diametri barada kompaniýa tarapyndan hiç bir maglumat berilmedi, emma sagadyň ölçegi 41 mm. Piksel dykyzlygy 320 dýuým. Aýnasynyň goragy babatyndaky jogapkärçilik Corning Gorilla Glass 5 ynanylandyr.

Ilkinji “janly tehnologiýadaky” suratyň çarçuwasynyň göwrümi diýseň uly, munuň özi ulanyjylaryň lapyny keç edýär. Takmynan çaklamalara görä çarçuwanyň ini 4,2 mm barabar, bu onuň çensiz uludygyny öz-özünden äşgär edýär.

Mundan başga-da, sagat öňden bäri ulanylyp gelinýän Exynos 9110 prossesory bilen abzallaşdyrylypdyr (bu çip 2018-nji ýylda çykarylypdy we häzir bolsa dünýä bazarlarynda has kämil çözgütler hödürlenýär). Şeýle hem toplumda Cortex-M33 ýadrosyna esaslanýan ýörite goşmaça prossesor hem bar.

Enjamyň ýady 2 gb operatiw ýada barabar we şeýle-de 32 gb hemişelik ýady bar.

294 milliamper-sagada niýetlenilen möçberdäki akkumlýator gadžete bir gije-gündüziň dowamynda hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şunda akkumlýator ýarym sagadyň dowamynda 50 göterim kuwwatlanýar.

Elbetde onuň gowy taraplary hem bar: Pixel Watch ses çykaryjy dinamik we mikrofon bilen abzallaşdyrylandyr, şonuň üçin olardan telefonda gürleşilende hem peýdalanyp bolar. LTE modemi birikdirilen PRO görnüşi bolsa käbir halatlarda smartfonlardan ýüz döndermäge mümkinçilik berer – diýip, Google kompaniýasynda ynandyrýarlar.

Şeýle hem GPS, NFC modullarynyň, suwdan goragynyň (5 ATM), Bluetooth 5.0, Wi-Fi 4 we WearOS 3.5 operasion ulgamynyň bardygy bellenilmelidir.

Sagat Android 8.0 we ondan hem ýokary operasion ulgamlaryna birikdirilýär.

Fitbit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk hem özüniň miwelerini berdi – kompaniýada tassyklaýyşlary ýaly – şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde ýürek ýygrylmalarynyň ýygylygynyň iň takyk görkezjisine eýe bolundy. Mundan başga-da toplumda EKG görkezijisi hem bardyr. Garaşylyşyna görä, sagatda dürli fitnes-kadalarynyň ençemesiniň, saglyk görkezjilerini yzarlamak funksiýasynyň we beýleki programma üpjünçilikleriniň bolmagyna garaşylýar.

Ýakymly sowgatlaryň ýene-de biri – alyjy sagat bilen bir wagtda üç aý möhlete YouTube Premium we alty aý möhleti bilen Fitbit Premium programmalaryna girmeklige ýazylýar.

Bahasy näçe bolar we haçan satuwa çykarylar?

Pixel Watch adaty görnüşi $350 we PRO görnüşi bolsa $400 bahalandyrylýar. Täze önümi şu wagtdan resmi saýt arkaly sargyt etmek mümkindir, emma onuň satuwa çykaryljak senesi heniz mälim edilmedi. Köpleriň pikirine görä, ol smartfonlar bilen bilelikde – oktýabryň 13-ne satuwda peýda bolar.

Pixel 7 we Pixel 7 Pro: täze smartfonlar hakynda mälim bolan zatlar

Google kompaniýasynyň hödürleýän enjamlarynyň nobatdaky tanyşdyrylyşy oktýabr aýynyň 6-na geçirildi. Kompaniýa bir wagtyň özünde birbada smartfonlaryň ikisini – Pixel 7 we Pixel 7 Pro görkezilişe çykardy. Galyberse-de, olaryň häsiýetli aýratynlyklarynyň aglabasy deslapdan insaýderler tarapyndan mälim edildi, muňa garamazdan täzelikler hem bardyr.

Техно-дайджест: как Google врывается на рынок гаджетов

Bu iki modeliň nähili umumylyklary bar?

Bu smartfonlar - dünýäde iň kämil Android 13 ornaşdyrylan ilkinji modellerdir. Smartfonlaryň howpsuzlygy bäş ýylyň dowamynda, Android täzelenmeleri bolsa üç ýyllap üpjün ediler.

Smartfonlaryň ikisi hem täze Tensor G2 prosessorynyň esasynda işlär, ol şu ýylyň dowamynda 4 nanometrlik tehnologiýa eýe boldy. Oýun oýnamak üçin niýetlenilmändigi sebäpli bu çipleriň öndürijiligine uly ähmiýet berilmeýär. Şunda esasy üns – emeli intellekt bilen maşyn okuwynyň mümkinçilikleriniň birikdirilmeginde jemlenendir.

Tensor G2 iň ýokary derejeli MediaTek we Qualcomm-dan tiz işlemeýär, emma Android 13-iň optimizasiýalary beýleki käbir öňdebaryjylara garanyňda has gowy öndürijiligi emele getirip biler. Maglumatlara görä, geljek nesliň prosessory maşyn okuwy meselelerini «60% çalt we 20% netijeli» çözmäge ukyplydyr. Ol PhotoUnblur ýaly funksiýalara jogapkärdir. Google kompaniýasynyň ösen AI kömegi bilen köp ýyl mundan ozal islendik köne telefon bilen düşürilen köne suratlardaky bulaşyklygy we duýgurlygy aýyrmak başardar. Şeýle aýratynlyk Pixel 7 we 7 Pro üçin ýöriteleşendir.

Olarda iki sany – ýagny RAM we fleş ýatlary bar: Pixel 7 üçin 8/128 we 8/256 gb we Pixel 7 Pro üçin 12/128 we 12/256 gb. Soňky agzalan 512 gb hemişelik ýada eýe bolan görnüşde hem hödürlenýär.

Enjamlaryň ikisi hem simsiz zarýad berilmäge ukyplydyr.

Smartfonlar Titan M2 şahsy öndürijilikli howpsuzlyk modullary bilen abzallaşdyrylandyr hem-de tozandan we suw geçmeklikden IP68 arkaly goralandyr.

Öň tarapynda ornaşdyrylan kameralary 10,8 MP durulykda we 4K wideo ýazgyny amala aşyrmak mümkinçiligine eýedirler.

Toplumda zarýad beriji abzaly ýokdur.

Emma özboluşly aýratynlyklary hem bardyr. Google Pixel 7-iň esasy häsiýetnamalary:

Smartfonuň tutuş göwrümi 155.6x73.2x8.7 mm çenli kiçeldildi, onuň agramy bolsa – 197 gr.

Ekrany ozalky bolşy ýaly FHD+ eýe bolan AMOLED displeýidir, emma Pixel 6 bilen deňeşdirilende 25% has ýokary aňrybaş ýagtylygy berýär. Häzirki ekran hem 90 gers täzelenme tizligine eýedir.

“Pixel 7”-iň batareýasy kiçeldildi - 4355 mAs (şonuň üçin hem gabarasy inçe).

Kamera: 50 MP ýazgynburçly we + 12 MP duýgurlyga eýe bolan optiki durnuklylykdaky ýokary ýazgynburçly obýektiw. Aňrybaş ulaltmak mümkinçiligi – 8x.

GooglePixel 7 Pro-nyň häsiýetli aýratynlyklar:

Çeşmelerden mälim bolşuna görä, smartfonyň Pro görnüşi “hakyky öňbaşçynyň aýratynlyklaryna eýedir”: has köp täzeleniş ýygylygyna eýe bolan kadaly ekranynyň bolmagy, kamerasynyň güýçli duýgurlygy, obýektiwleriň amatly ýerleşdirilmegi we beýlekiler.

Pixel 7 Pro diagonaly 6,7 dýuým bolan QHD+ mümkinçilikli we görkeziş ýygylygy 120 gers bolan OLED ekranyna eýedir.

Displeýiniň gapdal taraplary geçen ýyllardaky ýaly biraz aýlawlydyr, ozaldan däp bolup gelşi ýaly, häzirki smartfonda-da Gorilla Glass Victus aýnasy goýlandyr.

Akkumulýatorunyň sygymlylygy ozalkylar bilen deňeşdirilende has artdyrylandyr, häzir ol – 5000 mAs sygyma eýedir. Smartfon tiz we dolanyşykly zarýad bermä eýedir.

Micro-SD üçin slot ýok, ýöne nano-SIM üçin slot bar. Şeýle hem eSIM bilen işläp biljekdigi mälim edildi.

Metal korpusy (gabarasy) 100% gaýtadan işlenilen alýuminiýden taýýarlanyldy.

Kamerasy: pikselleri 4-de-1 birikdirmek mümkinçiligi bolan 50 MP kuwwatlykdaky esasy moduldyr. f/1.85 obýektiwi 82 gradus aýlawdaky burça eýedir. Esasy kamera şekiliň optiki we elektron durnuklaşdyryjysyna esaslanýar, ol sekuntda 30 we 60 kadr tizlikdäki 4K formatdaky wideony ýazgy etmäge ukyplydyr. Goşmaça moduly – aýlaw burçy 125,8º FoV bolan 12 MP ýazgynburçly kameradan ybaratdyr. Pixel 7 Pro-da üçünji modul hem bar – onuň 48 MP mümkinçilikdäki duýgurlygy we 5-esse optiki ulaldyp–kiçeldiji häsiýete eýe bolan obýektiwi bar. Aňrybaş ulaldyp-kiçeldijiligi – 30x.

Telefon 10-bitlik HDR-wideo ýazgyny amala aşyrmaga ukyplydyr. Şonuň ýaly hem Google has ýokary hilli wideolar bilen üpjün etmek maksadynda Snapchat we TikTok bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýörite kamera programmasy bolsa kinematografiýa bulaşyklygy ýa-da elde düşürilýän wideolaryň durnuklylygyny ýokary derejede üpjün etmek üçin maşyn okuwy endiklerinden peýdalanýar.

Bahasy we haçan satuwa çykarylar?

Binýatlaýyn konfigurasiýadky Pixel 7 üçin $600 soraýarlar.

Pixel 7 Pro üçin – $900

Deslapdan sargyt kabul etmek oktýabr aýynyň 6-na başlanýar, bölek satuwda bolsa oktýabr aýynyň 13-ne peýda bolar.

Uzak garaşylan Pixel Tablet planşeti

Pixel Tablet – kompaniýa tarapyndan soňky uzak ýyllaryň dowamynda öndürilen ilkinji planşetdir. Önümiň häzirki güne çenli görkezilendigine garamazdan howlukmaga esas ýok – ol 2022-nji ýylda barybir satlyga çykarylmaz.

Tanyşdyrylyşda bu täzeçillik barada diýseň az aýdyldy. Elbetde, Google enjamlary tanyşdyrmaklyga täzeçe çemeleşmeleri agtarýar. Ozal maglumat ýaşyryn saklanylýan bolsa, indi kompaniýa önümiň bezeg şekillerini we häsiýetli aýratynlyklaryny öňünden habar berýär.

Техно-дайджест: как Google врывается на рынок гаджетов

Näme bilmek başartdy:

SoCTensor G2 – piksel planşetiniň esasyny emele getirýär, bu prossesorlar Google kompaniýasynyň iň kämil enjamlarydyr, olar barada biz ýokarda belläpdik.

Beýan edilişine görä, Google Pixel Tablet – adaty planşet däl, çünki onuň ekranlary akylly ekranyň funksiýalaryny amala aşyrmaklyga ukyplydyr. Planşeti akylly ekrana öwürmek üçin ýörite magnitli dok-bekedini satyn almaly bolar.

Şeýle hem kompaniýada enjamyň “premium materiallaryna we bezeglerine” üns berildi: alýumin korpusy keramiki bölejikler bilen örtülendir.

Enjamyň satuwy, hemme zatlar ýerbe-ýer bolan halatynda, 2023-nji ýylda başlanar. Oňa näçe baha kesiljekdigi, nähili häsiýetli aýratynlyklaryň beriljekdigi, ýady, kamerasy we ş.m. häzirki wagtda näbelli bolmagynda galýar.

ORIENT
Surat: Google

Şeýle hem okaň: