25-nji oktýabrda Belarussiýanyň “Belawiýa” awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlaýar we bu ugur üçin awiabiletleri satyp başlaýar. Bu barada habar awiakompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.
Uçuşlar hepdede bir gezek, sişenbe güni amala aşyrylar we 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan uçuşlar her iki hepdede bir gezek, sişenbe güni amala aşyrylar.
– Minskden ugraýan wagty – 22:40, Türkmenbaşa gonýan wagty – 04:45.
– Türkmenbaşydan ugraýan wagty – 5:45, Minske gonýan wagty – 08:05.
* Her şäher üçin ýerli wagt görkezilen.
“Belawia” belarus awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Minsk-Türkmenbaşy-Minsk yzygiderli gatnawlaryna bilet satuwy açyldy. Biletleriň bir ugur üçin bahasy (ekonom klas) - 299 ýewro; gidiş, gaýdyş üçin - 520 ýewro. Awiabiletleri www.belavia.by saýtynda iPhone и Android programmalarynyň üsti bilen, şeýle hem, ähli satuw ofislerinde we agentlerden satyn almak bolar.
Ozal ORIENT “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň amala aşyrjak Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça göni ýolagçy gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilendigi barada habar berdi.
ORIENT news
Foto: mk.ru
