Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Muroosystems Corporation kompaniýasy Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama ýurdumyzda maglumat merkezlerini döretmekde we döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Resminama Türkmenistanyň çäginde täze maglumat merkezlerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde taraplaryň özara gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleglerini berkidýär.

Ylalaşygyň esasy maksady häzirki zaman halkara standartlary göz öňünde tutup, döwrebap tehnologiýa çözgütlerini ornaşdyrmak we sanly ifrastrukturany ösdürmekdir. Hyzmatdaşlygyň çäginde maglumatlary işlemek merkezlerini taslamakda we ulanylyşa bermekde innowasion çemeleşmeleri ulanmak göz öňünde tutulýar.
Ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň IT infrastrukturasyny pugtalandyrmaga, sanlylaşdyrmany ösdürmäge hem-de maglumatlary saklamak we işlemek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam etjekdigine garaşylýar.
