Owganystan Türkmenistandan, Gazagystandan we Eýrandan import şertnamalary meýilleşdirýär
02.10.2022 | 04:38 |Owganystanyň Söwda-senagat Ministrligi Gazagystan, Türkmenistan hem-de Eýran bilen bugdaý we nebit önümlerini ýurduň bazaryna import etmek barada şertnamalara gol çekmegi meýilleşdirýär. Şu gün, şenbe güni habar berýär Tolonews.
“Türkmenistan bilen nebit barada gepleşik geçirdik. Biz resmi we hemişelik şertnamalar baglaşmak isleýäris. Gazagystan, Türkmenistan hem-de Eýran bilen bugdaý we un barada gepleşikleri geçirýäris "- diýip, agentlik bölüm wekiliniň sözlerine salgylanýar.
Ozal “Taliban” Russiýadan nebit önümleri, gaz we bugdaý üpjünçiligi üçin şertnama baglaşdy.
ORIENT news
Foto: https://the.akdn