Türkmenistan Türki döwletleriň guramasynyň agzasy bolar
01.10.2022 | 02:02 |– “Gowy habar bilen paýlaşmak isleýärin. Ozal synçy bolan Türkmenistan hem Türki döwletleriň guramasynyň dolyhukukly agzasy bolar" – diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu Pamukkale uniwersitetinde ýaşlar bilen bolan duşuşygynda aýtdy – diýip, penşenbe güni “Anadolu” agentligi habar berdi.
Ministriň sözlerine görä, bu babatda karar 11-nji noýabrda Samarkantda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitinde kabul ediler. Çawuşoglu: "Şeýlelik bilen, maşgalamyz doly jem bolar diýip umyt edýäris" – diýdi.
Diplomat Türkiýäniň sebit syýasatyny häsiýetlendirýän gürrüňiniň çäginde Türkmenistanyň TDG-na goşulýandygy baradaky habary şeýle beýan etdi: “Aziýa ykdysadyýetiň hereketlendirijisine öwrüldi. Ol ýerde mümkinçilikler bar. Şonuň üçin, biz bu mümkinçiliklerden peýdalanmalydyrys. Aziýanyň güýçli döwleti hökmünde, biz syýasatymyza täzeden garadyk. Sebitdäki tapawutlary göz öňünde tutýan bitewi çemeleşme bilen müňden gowrak hereketde anyk taslama işimizi çaltlaşdyrdyk."
ORIENT news
Foto: middleeastmonitor.com