HHR-niň lideri Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurulmagyny goldady
16.09.2022 | 22:25 |Samarkantda ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde HHR-niň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň barşynda türkmen tarapynyň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak baradaky teklibini goldady diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Duşuşykda türkmen Lideri ýurtlaryň arasynda gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek üçin gaz babatda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-hytaý iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Türkmenistan Hytaýa turba geçirijiler arkaly gaz iberýän iri ýurtdyr. Häzir türkmen mawy ýangyjy HHR-ne hereket edýän üç ugur boýunça eksport edilýär. Bilermenler dördünji şahanyň gaz geçirijiniň umumy geçirijilik mümkinçiligini bir ýylda 65 milliard kubmetre çenli ýetirer diýip hasaplaýarlar.
ORIENT news
Foto: seetao.com