Iň täze habarlar

Awstriýa kompaniýasy Aşgabat-sitide polat we aýna ulanmak arkaly özboluşly desgalary gurmaga taýyn

07.08.2022 | 19:04 |
 Awstriýa kompaniýasy Aşgabat-sitide polat we aýna ulanmak arkaly özboluşly desgalary gurmaga taýyn

Berk polatdan we aýnadan aýratyn üýtgeşik binalary gurmak pudagynda Ýewropanyň öňdebaryjy “Waagner Biro steel and glass” kompaniýasy özüniň ähli baý tejribesini we tehnologiýalaryny Aşgabat-sitiniň we Ahal-sitiniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmaga taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada Awstriýanyň “Waagner Biro steel and glass” kompaniýasynyň baş direktory Iogann Sişka şenbe güni öz işini dowam eden “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahatda onlaýn görnüşde eden çykyşynda aýtdy.

“Waagner Biro steel and glass” kompaniýasynyň ýerine ýetiren binagärlik “eserleriniň” arasynda Berlindäki Reýhstagyň gümmezi, Londondaky Britan muzeýiniň üçegi, Abu-Dabidäki Luwryň gümmezi, Bakudaky howa menziliniň täze terminaly ýa-da Zalsburgdaky Red Bull angary ýaly batyrgaý we özüneçekiji işler bar.

Австрийская компания готова возвести уникальные сооружения из стали и стекла в Ашхабад-сити

Kompaniýanyň maksady öňdebaryjy dizaýnyň diňe daşky täsirine däl-de, ilkinji nobatda, desgalaryň berkligine we binagärlikde durnukly estetik gymmatlyklaryň döredilmegine gönükdirilendir. 13 ýyl mundan ozal döredilen Awstriýa-türkmen dostluk jemgyýetiniň agzasy bolan Iogann Sişkanyň özi hemişe türkmen paýtagty barada uly söýgi bilen gürleýär we onuň binagärlik ösüşinde görlüp-eşidilmedik taslamalar üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

“Waagner Biro Steel and Glass” 2019-njy ýylda türkmen bazaryna gelip, şondan bäri öz tehniki tejribesini ulanyp boljak dürli gyzykly taslamalary goldaýar. Kompaniýa Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk we binagärlik müdirligi, jogapkär arhitektorlar, geňeşçiler we bilermenler bilen hyzmatdaşlyk edýär, bäsleşiklere gatnaşýar we ýerli gurluşyk kompaniýalary bilen konsorsiumlary döredýär. Kompaniýanyň Türkmenistanda geçirýän gözlegleriniň esasy bölegi desgalaryň daş keşbine, ýagny dizaýnyna öz täsirini ýetirýän seýsmik mowzuga bagyşlanýar.

– Özüniň global täsiri bilen pandemiýa ýagdaýy hakykatdanam taslamalaryň durmuşa geçirilmegini haýallaşdyran hem bolsa, häzir biz kynçylyklary ýeňip geçmäge we täze Aşgabat-siti, Ahal-siti ýaly iri we ähmiýetli taslamalara, ýa-da häzirki wagtda işlenip düzülýän başga taslamalara gatnaşmaga taýýar – diýip, Iogann Sişka Aşgabatda geçen gurluşyk-senagat forumynda onlaýn çykyşynda aýtdy.

Kompaniýanyň işiniň ajaýyp mysallary hökmünde Sişka Welikobritaniýanyň Mançester şäherindäki aýna pawilýonyny mysal getirdi, bu ýerde agramy 30 tonna bolan poslamaýan polatdan ýasalan üçek 8 metrlik aýna panelleriň üstünde ornaşdyrylandyr. Şol bir hatarda, Dubaýdaky 10 metrlik sütünler arkaly saklanýan aýna diwarly Etihad muzeýiniň binasyny hem mysal getirmek bolar.

Австрийская компания готова возвести уникальные сооружения из стали и стекла в Ашхабад-сити

– “Biziň maksadymyz – müşderilerimiziň isleglerini durmuşa geçirmek, tehnologiýalar ulgamynda bar bolan “serhetleri” süýşürip, täze standartlary kesgitlemek. Biz taslamany işläp düzmekden başlap, ony taýýarlamak, gurnamak, ornaşdyrmak ýaly ähli tapgyrlary özümiz ýerine ýetirýäris, şeýle hem, binalaryň uzak ömür sürmegine ýardam bermek üçin zerur bolan tehniki hyzmatlarymyzy-da hödürleýäris – diýip, Iogann Sişka sözüni dowam etdi:

– Türkmenistana iş saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we islendik wagt onlaýn-duşuşyk geçirip bileris. Elbetde, hyzmatdaşlarymyzy we müşderilerimizi Wenadaky baş edaramyza çagyrmaga şat bolarys ýa-da Dubaýdaky we Abu-Dabidäki ofislerimizde-de duşuşyp bileris.

Австрийская компания готова возвести уникальные сооружения из стали и стекла в Ашхабад-сити

ORIENT news

Şeýle hem okaň: