– Türkmenistanda aýlyk haklary geljek 7 ýylda 1,8 esse ýokarlanmalydyr. Prezidentiň Türkmenistany 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy munuň şeýle boljakdygyny aýdyň görkezýär – diýip, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Atajan Ataew resmi metbugat üçin eden çykyşynda aýtdy.
Şeýle ösüş Maksatnamada göz öňünde tutulan maksatlaryň ýerine ýetirilmegi, şol sanda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän täze kärhanalaryň gurluşygy, daşary söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagy, ulag-aragatnaşyk pudagynyň ösüşi we ş.m. arkaly gazanylar.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde geljek ýedi ýylda 30 müňe golaý täze iş ýerleri dörediler. Ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdanyny 102,2% çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem, 2028-nji ýyla çenli Türkmenistanda 10 sany döwrebap hassahana, 40 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 54 sany orta mekdep, 4 sany ýokary hünär okuw mekdeplerini gurmak meýilleşdirilýär. Sosial-ykdysady ösüşe we täze taslamalary durmuşa geçirmäge jemi, takmynan 278,9 milliard manat gönükdiriler.
ORIENT news
