Sişenbe güni, 2-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $14,8 million bolan 13 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Singapuryň wekili Lebap welaýatyndaky Garlyk dag-magdan zawodynda öndürilen (“Ownuk” görnüşli) birinji derejeli ownuk däneli kaliý hloridini almak üçin geleşik baglaşdy.
Jemi 10 müň tonna kaliý Türkmenistandan eksport ediler, onuň bir tonnasynyň bahasy $544,50 diýlip kesgitlenildi. Geleşigiň umumy bahasy $5,4 million diýlip bahalandyryldy.
Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler söwdalarda jemi 10 müň tonna A-95 görnüşli awtobenzini satyn aldylar, onuň bir tonnasynyň bahasy $936,75 barabar boldy. Nebit önümleri üçin geleşikleriň umumy bahasy $9,3 million deň boldy.
Söwdalara şu gün (3-nji awgustda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news
