Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Aşgabat we Daşkent täze şertlerde gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine baha berdiler

13.07.2022|05:32|
2614
asgabat-we-daskent-taze-sertlerde-gatnasyklary-osdurmegin-geljegine-baha-berdiler

Sişenbe güni Daşkentde, Halkara Merkezi Aziýa institutynda “Özbegistan we Türkmenistan. Gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda ösüş mümkinçilikleri” diýen at bilen maslahat geçirildi.

Forumy HMAI-niň direktory Anwar Nasirow hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew açdylar. Çärä iki ýurduň döwlet edaralarynyň we seljeriş geçirýän düzümleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistana DIM-iň HGI-niň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi, Halkara ynsanperwer ylymlary uniwersiteti, TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Milli medeniýet merkezi wekilçilik etdiler.

Bilermenler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna, ony giňeltmegiň ýollaryna hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerindäki özara hereketlere garadylar.

Döwletleriň ýolbaşçylarynyň berk syýasy erkiniň we özara gatnaşyklary ýola goýmaga täze çemeleşmeleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşdirilmegine, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň rowaçlygyny, parahatçylykly we durnukly ösüşini saklamak üçin şertleriň kemala getirilmegine ýardam edendigi bellenildi.

Ашхабад и Ташкент оценили перспективы развития диалога в новых условиях

Nygtalyşy ýaly, Özbegistana hem-de Türkmenistana özleriniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmekde tagallalaryny utgaşdyrmaklary hem-de Merkezi Aziýany Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky uly ýollaryň kesişýän halkalaýyn merkezine öwürmek üçin anyk çäreleri görmekleri zerurdyr. Şu babatda sebitiň ulag-logistaka ulgamyny ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçlary aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle hem Hazarüsti we Omanüsti geçelgeleriň, Türkmenbaşy portunyň ösdürilmegine, “AÝS-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” multimodal ulag geçelgesini öňe ilerletmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna uly isleg bildirilýär.

Giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalary, BMG-niň üsti bilen halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen konsepsiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek işinde çemeleşmeleriň ýakynlygy, goňşy Owganystanda raýat parahatçylygynyň we ylalaşygynyň tiz gazanylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýarlyk özbek-türkmen gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir.

Çäräniň netijeleri boýunça bilermenler tarapyndan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar we teklipler işlenilip taýýarlanyldy.

ORIENT news