“Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahatynda iň köp garaşylýan çykyş etmelileriň biri, dünýä metbugatynda “tupan awçysy” lakamy bilen tanalýan kanadaly meşhur alym Jorj Kurunisdi.
2013-nji ýylda ýörite ekspedisiýa ýolbaşçylyk eden Jorj Kurunis ynanyp bolmajak synagy geçirdi, ol ýarym asyrdan gowrak wagt bäri gije-gündiz gyzyl ot bolup ýanýan Derweze gaz krateriniň düýbüne aýak basdy.
Ýöne bu ýeke bir ekstremal adamyň hokgasy ýa-da başdan geçirmesi däl-de, ylmy taslama. Bu batyryň ýalynly dowzahda bary-ýogy 17 minut bolmagy üçin ekspedisiýa iki ýyllap ölüm howply synaga taýynlyk gördi.
Taslamanyň netijesine laýyklykda, “ekspedisiýa krateriň düýbünde ýaşaýan we agyr şertlerde ýaşamaga ukyply näbelli mikroorganizmleriň birnäçe görnüşini tapdy. Bu netije Gün sistemasynyň daşyndaky planetalarda şuňa meňzeş ýaşaýyş görnüşlerini nireden gözlemelidigini salgy berýär... ” diýen karara gelindi.
Ömrüniň onýyllyklaryny planetamyzyň dürli ýerlerinde wulkanlaryň, tornadolaryň, tupanlaryň we ş.m. baş bermeýän güýjüni dokumentleşdirmäge bagyş eden adam mylakatlylyk bilen wideoaragatnaşyk arkaly biziň soraglarymyza jogap bermäge razy boldy.

– Ilki bilen jenap Kurunis, size birnäçe sorag bermäge mümkinçilik döredeniňiz üçin sag bolsun aýdýarys.
– Mesele ýok, höwes bilen.
– Bu maslahata gatnaşmak bilen oňa gatnaşyjylara näme ýetirmek isleýärsiňiz?
– Meni bu maslahata Garagum çölündäki Derweze gaz kraterinde toplan iş tejribäm hakynda gürrüň bermegim üçin çagyrdylar.
Bu ylmy ekspedisiýa, men National Geographic üçin toprak nusgalaryny ýygnaýardym we biz alawly krateriň düýbünde beýleki planetalarda ýaşaýyşy mümkin bolan mikrob görnüşleri barada düşünje berip biljek janly bakteriýalary tapmaga synanyşdyk. Ine, şol tejribäm barada gürrüň bermegimi hem-de krateriň geljegi baradaky pikirlerimi paýlaşmagymy haýyş edip, çagyrdylar.
– Derweze hakynda dünýä metbugatynda köp söhbetdeşlik etdiňiz. Siziň pikiriňizçe, olaryň bu hadysa esasy gyzyklanmasy haýsy tarapdan bolup biler – ylmy, syýahat, ekstremallyk ýa-da Ýer ýüzündäki adaty bolmadyk hadysalar nukdaýnazaryndan?
– Hakykatdan-da, meniň bu işim arkaly dünýä Derweze krateri barada köp zatlary bildi. Adamlary krateriň özboluşlylygy haýran galdyrýandygyna ynanýaryn. Dünýäde bular ýaly täsinlik başga hiç bir ýerde ýok. Özem, ol diýseň owadan ýer, ol ýerde ähli zat hem syrly, hem howply görünýär, ýöne muňa seretmezden, belki-de, hut şonuň üçin, adamlar onuň hakykatdan-da, ýer ýüzünde bardygyna göz ýetirmek maksady bilen, bu ýere gelmek isleýärler.

Käbir adamlar internetde suratlary görüp, “olar - ýasama, bular ýaly ýer bolup bilmez” öýdüp, pikir edýärler. Emma, Derweze krateri - doly hakykat. Men dünýäniň köp ýurtlaryndaky wulkanlara baryp gördüm. Hatda (gülýär) wulkanyň depesinde öýlendim (red. bel. - 2006-njy ýylda Jorj we Mişel Wanuatunyň Tanna adasyndaky Ýasur wulkanynyň otly krateriniň gyrasynda nikalaşdylar). Bu ýer hem, edil şolar ýaly, örän üýtgeşik we owadan, şonuň bilen birlikde, gaýtalanmajak täsin.
– Derweze kraterini dünýä meşhur etmek üçin köp işleri bitirdiňiz. Eger-de ol öçüriläýse, şunuň ýaly gözel ýer bilen hoşlaşmaly boljakdygyňyza gynanýarsyňyzmy?
– Derweze krateri meniň üçin edil köne dost kimin. Men ol ýere birnäçe sapar bardym, ömrümiň belli bir bölegini krateriň düýbüne düşmek üçin ony öwrenmäge sarp etdim, indi onuň ýitirim bolmagyny görmek köne dostuňy ýitiren ýaly bolar. Men adamlara bu ýurda gelip, ol üýtgeşik gözelligi görmek örän gyzykly bolardy diýip, pikir edýärin.
Biz hatda ony öçürip boljakdygyny-da bilemizok. Bu maslahatyň maksatlarynyň biri-de – näme etmelidigi boýunça karara gelmek. Bu maslahata gatnaşyp, öz pikirimi aýtmak meniň üçin uly dereje.
– Bu krater bilen iş salyşmagyň iň gowy usuly ýa-da ehjamy näme diýip pikir edýärsiňiz?

– Aslynda, krater daşky gurşawa o diýen bir täsirini ýetirip baranok. Gaz örän arassa ýanýar. Metan suw bugunda kömürturşy gaza öwrülip bilýär. Krateriň ýanynda bolmak howply däl. Men ol ýerde köp wagtymy geçirdim. Ol ýerde meniňkiden-de köp wagtyny geçiren adamlar bar. Men bular ýaly ýangyny öçürmek boýunça hünärmen däl. Şol sebäpli, nähili usul ulanyljakdygyny, hakykatdan-da, bilemok. Men bu maslahata mümkin boldugyça, köp zatlary öwrenerin diýip, sabyrsyzlyk bilen garaşdym, sebäbi krateriň öňküligine galdyryljagy ýa-da çäklendiriljegi belli bolar.
– Biziň eden gürrüňimize goşmak isleýän zadyňyz barmy?
– Elbetde, bar. Meni maslahata çykyş etmek üçin çagyrandyklaryna örän şat. Meniň nukdaýnazarym, tejribäm, pikirimçe, maslahatyň işine goşant bolar. Sebäbi, meniň pikirim köpüň pikiri bilen çapraz gelýär. Men diňe öz tejribämi paýlaşmak däl, eýsem, beýleki maslahata gatnaşyjylaryň pikiri barada hem mümkin boldugyça, köpräk bilesim gelýär.
Elbetde, häzirki wagtda ol ýerde bolmak mümkin däl we men Türkmenistana boljak indiki saparyma, hakykatdan hem, sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ýene bir uly synagy amala aşyrmaga taýýar topar bilen bararyn diýip, umyt edýärin we umydymyň ýakyn wagtda hasyl boljakdygyna ynanýaryn.

– Size gyzykly işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýäris!
– Sag boluň, menem Türkmenistana gaýdyp barmak we siz bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
