Sişenbe güni, Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryňka myhmançylyga bardy.

Bu baradaky wideoşekilli habarlar “Altyn asyr” teleýaýlymynyň täzelikler gepleşiginiň agşamky goýberilişinde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda binagärligi taýdan Gündogar ýurtlarynyň resmi kabulhanalaryny ýatladýan “Döwletliler köşgi” şäherçesine geldi.

Çagalar eýýäm daşarda ýokary derejeli myhmanlary aýdym-sazlar, tanslar bilen garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz okuw otaglarynyň birinde Köşkde terbiýelenýän dürli ýaşdaky çagalar bilen söhbetdeş boldy.

Döwlet Baştutanynyň hem, çagalaryň hem ýüz-gözlerindäki gülki alamatlary duşuşygyň mähirli we ýürekdeşlik ýagdaýynda bolandygyny görkezdi.

Çagalar özleriniň isleg-arzuwlary, maksatlary bilen paýlaşanlaryndan soň, Serdar Berdimuhamedow ýaşamak we okamak üçin döredilen şertleri gözden geçirdi, birnäçe okuw otaglaryna, şol sanda oňat enjamlaşdyrylan lingafon otagyna baryp gördi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany çagalara sowgatlary gowşurdy hem-de olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Ähli milli baýramlarda däbe öwrülişi ýaly, ýurdumyzyň dürli edaralary we hususy kompaniýalary hem Köşkde terbiýelenýän çagalara sowgatlaryny taýýarladylar.
ORIENT news
