Giçki agşamlar ýer ýüzündäki çylşyrymly wakalardan biraz daşlaşyp, ýyldyzlary synlamak üçin ajaýyp pursatdyr. Sebäbi şu wagt biziň ýokarymyzda diňe ylmy barlaghanalar we müňlerçe hemra däl, eýsem adamzadyň ünsüniň sowulmagynyň özboluşly muzeýi hem aýlanýar.
Hemmämiz açarymyzy, elligimizi ýa-da telewizoryň pultuny ýitirip görendiris. Ýöne bir zady sagatda 28 müň kilometr tizlik bilen hereket edýän orbitada elden gaçyryp, onuň size indi hiç haçan dolanmajakdygyny bilmek nähili bolardy? Biz kosmonawtlaryň we astronawtlaryň tötänden ýa-da bilkastlaýyn orbitada galdyran iň geň, gülkünç we gymmat zatlarynyň sanawyny taýýarladyk.
100 müň dollarlyk gurallar torbasy
Halkara kosmos stansiýasynda (ISS) açyk kosmosa çykylan mahaly bolup geçen iň meşhur wakalaryň biri şeýle boldy. Astronawtlar abatlaýyş işlerini geçirýärkäler, olaryň biriniň elinden takmynan 13 kilogram agramly gurallar torbasy sypyp çykýar. Ýalpyldap duran ak torbajyk ýuwaşlyk bilen kosmos giňişligine süýşüp gidýär.
Iň gyzykly ýeri, bu torba şeýle bir ýagtydy welin, belli bir wagtlap Ýerdäki höwesjeň astronomlar ony dürbi arkaly 6-njy ululykdaky kiçijik ýyldyz ýaly synlap bildiler. Birnäçe aýdan soň bolsa «100 müň dollarlyk torba» atmosferanyň galyň gatlaklarynda ýanyp ýok boldy.
Uçup giden şpatel
Orbitada gurallary elden gaçyrmak adaty ýagdaýlaryň biridir. Meşhur astronawt Pirs Sellers kosmos gämisiniň daşky örtügini abatlaýarka gurluşyk şpatelini (takmynan 2 müň dollarlyk) ýitirýär. Güýçli degişme duýgusy bilen tanalýan Sellers şol wagt radio arkaly: «Bu meniň iň halaýan şpatelimdi. Diňe muny beýleki şpatellere aýtmaň» diýip degişýär. Şpatel birnäçe ýyllap Ýeriň daşyndan özbaşdak hemra hökmünde aýlanyp, soňra atmosferada ýanyp ýok bolýar.

Kosmosa uçup giden fototehnikasy
Kosmos fotosuraty örän gymmat güýmenjedir, esasanam tehnika birden «gaçyp gitmegi» ýüregine düwende. 2007-nji ýylda astronawt Sunita Uilýams HKS-iň Gün panellerinde tehniki işleri ýerine ýetirýärkä, professional sanly kamera ätiýaçlandyryş berkidijisinden sypyp, açyk kosmosa çykyp gidýär. Bu hadysa Uçuşlary dolandyryş merkezinde göni ýaýlym arkaly syn edilýärdi. Munuň ilkinji gezek däldigi hem gyzyklydyr. Şuňa meňzeş waka «Apollon-11» missiýasynda hem bolupdy. Topar modulynyň uçarmany Maýkl Kollinz şwed önümçiligi bolan Hasselblad orta ölçegli kamerasyny elden gaçyrýar. Şeýle wakalar sebäpli kärdeşleri oňa degişme bilen « eli deşik adam» diýen lakamy dakypdyrlar.
Ýiten pomidorlar
Astronawt Frenk Rubio orbital ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen ilkinji iki sany kiçi pomidory ýygnandan soň, olary saklaýan bukjany ýeterlik derejede berkidip goýmaýar. Netijede, bukja HKS-iň modullarynyň birinde ýitýär. Rubio ähli stansiýada ýitiren zadyny gözlese-de, pomidorlary tapyp bilmeýär. Kärdeşleri bolsa onuň gymmatly ylmy nusgalary gizlin iýendigini degişme bilen aýdýarlar. Hakykat diňe Rubio Ýere dolanandan soň ýüze çykýar. Täze gelen kosmonawtlar umumy arassalaýyş wagtynda şol bukjany tapýarlar. Pomidorlar sekiz aýyň dowamynda ep-esli gurapdyr. Topraksyz gidroponiki we aeroponiki şertlerde ösdürilen bu pomidorlar geljekde Aýa we Marsa amala aşyryljak uçuşlar üçin täze azyk önümçiliginiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen ösdürilip ýetişdirilipdi.

Ülje reňkli Tesla
Öňki mysallardan tapawutlylykda, bu zat kosmosa bilkastlaýyn iberildi. 2018-nji ýylda Ilon Mask Falcon Heavy raketasynyň ilkinji synag uçuşynda peýdaly ýük hökmünde özüniň ülje reňkli Tesla Roadster awtoulagyny kosmosa iberdi. Rulyň başyna Starman atly skafandrly maneken oturdyldy. Awtoulagyň ses ulgamynda bolsa Dewid Bouiniň «Space Oddity» aýdymy yzygiderli ýaňlanyp durýar. Dolandyryş paneline «Adamlar tarapyndan Ýerde ýasaldy» diýen ýazgy hem ýerleşdirilipdir. Uçurylandan soň Tesla Roadster Ýeriň orbitasynda galmady. Häzir ol Günüň daşyndan elliptik traýektoriýa boýunça aýlanýar we Ýeriň hem-de Marsyň orbitalaryny kesip geçýär. Awtoulag Günüň daşyndan bir aýlawy takmynan bir ýarym ýylda tamamlaýar. Alymlaryň pikirine görä, ultramelewşe şöhleler, kosmiki radiasiýa we mikrometeoritler eýýäm onuň tekerlerini, deri oturgyçlaryny we boýag örtügini zaýalapdyr. Şeýle-de bolsa, nzzaryýet boýunça Roadster millionlarça ýyllap kosmosda aýlanyp biler.

