ORIENT | Ylym we tehnologiýalar. Dünýä stomatologiýasy düýpli özgerişleriň bosagasynda dur. Ýaponiýada adam bedenine ýiten dişleri täzeden ösdürip çykarmaga mümkinçilik berýän özboluşly dermanyň kliniki synaglary resmi taýdan başlandy. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri eýýäm bu täzeligi protezleşdiriş pudagynyň ahyryna deňäp ýazýarlar. Emma hakykatdanam bu üýtgeşiklik şeýle ýakynmy?
Bilşimiz ýaly, adam ömründe dişlerini diňe bir gezek — süýt dişlerinden hemişelik dişlere çalyşýar. Bu çäklendirme üçin USAG-1 atly aýratyn belok jogapkärdir. Ol biologik “gorag mehanizmi” hökmünde hereket edip, hemişelik dişler doly emele gelenden soň täze dişleriň ösüşini togtadýar.
Kioto uniwersitetiniň alymlary we Toregem BioPharma startapy bu meselä başgaça çemeleşdiler. Olar monoklonal antijisimlere esaslanýan, hut şol ösüşi saklaýan belogy wagtlaýyn öçürýän dermany döretdiler. Görnüşine görä, adamlaryň köpüsiniň äň süňkünde ömrüniň dowamynda “üçünji nesil” dişleriň başlangyç öýjükleri gizlin ýagdaýda saklanýar. Täze derman bolsa olara diňe “oýanmak” buýrugyny berýär.
Barlaghana haýwanlarynda — syçanlarda we alajagözende geçirilen synaglar üstünlikli tamamlandy. Ýitirilen dişleriň ýerine täze, doly sagdyn dişler ösüp çykdy we hiç hili ýaramaz täsirler hasaba alynmady. Indi alymlar tehnologiýany adamlarda barlamaga geçdiler.
Synaglaryň ilkinji tapgyry diňe howpsuzlygy bahalandyrmaga gönükdirilendir. Oňa azyndan bir hemişelik dişi ýetmeýän uly ýaşly meýletinçiler gatnaşýar. Howpsuzlyk tassyklanylsa, ikinji tapgyr başlanar. Oňa dogabitdi anodontiýadan ejir çekýän, ýagny genetiki sebäpler bilen dişleri asla ösmeýän 2–7 ýaş aralygyndaky çagalar gatnaşarlar. Alymlar dermany 2030-njy ýyla çenli täjirçilik dolanyşygyna çykarmagy meýilleşdirýärler.
Bu ylmy üstünlik köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köplenç aşa optimistik görnüşde beýan edilýär. Käbir neşirler hatda: «Implantlaryň eýýamy tamamlanýar!» ýa-da «Stomatologlar ýakyn wagtda işsiz galar!» ýaly seslenmeler bilen çykyş edýärler.
Geliň, hakykata ýüzleneliň we köp mediýanyň ünsden düşürýän faktlaryna seredeliň:
Mif 1: «Tehnologiýa eýýäm elýeterli»:
Hakykat: Häzirlikçe diňe adamlarda synaglaryň ilkinji tapgyry dowam edýär. Regeneratiw lukmançylykda barlaghanadan dermanhana çenli ýol ýyllary talap edýär. Iň optimistik çaklama boýunça hem derman 2030-njy ýyldan ir peýda bolmaz we ilkinji nobatda agyr dogabitdi patologiýaly çagalar üçin niýetleniler. Adaty uly ýaşly hassalar üçin garaşmaly wagt has uzyn bolup biler.
Mif 2: «Bu implant bazaryny ýok eder»:
Hakykat: Ýok etmez. Derman täsir eder ýaly äňde şol “uklap ýatan” diş başlangyçlarynyň saklanmagy zerurdyr. Emma dişi köp ýyl ozal ýitirilen, süňk dokumasy inçelen ýa-da çynlakaý äň operasiýalaryny geçiren adamlarda şeýle mümkinçilik bolman biler. Ýa-da şol ýere öň titan ştiftleri oturdylan bolsa, biologik zolak zeper ýeten hasaplanýar. Şeýle ýagdaýlarda tebigy ýol bilen täze dişi ösdürip çykarmak häzirki zaman ylmy üçin heniz mümkin däl, şonuň üçin hem adaty protezleşdiriş ýeke-täk çözgüt bolup galýar.
Mif 3: «Bir sanjym lukmana gitmegiň ornuny tutar we arzan bolar»:
Hakykat: Ilkinji ýyllarda bir dişi ösdürip çykarmak üçin niýetlenen sanjymyň bahasy takmynan 10–11 müň amerikan dollary bolar diýlip garaşylýar. Bu örän çylşyrymly biotehnologiki önüm bolup, hemmeler üçin elýeterli bolmaz. Amalyň köpçülikleýin we has arzan hyzmat görnüşine öwrülmegi üçin onlarça ýyl gerek bolup biler.
Netije:
Ýapon alymlary hakykatdanam uly ylmy öňegidişlik gazandylar. Geljekde dişleri täzeden ösdürip çykarmak mümkinçiligi indi fantastika däl, eýsem hakykata öwrülip barýar. Şeýle-de bolsa, implantologlar we stomatologlar alada etmeli däl — olaryň hyzmatlaryna isleg ýene-de köp ýyllap ýokary derejede bolar.
