Özbegistan Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň işjeň merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli berkitýär. Dünýä söwda arhitekturasynyň üýtgemegi, önümçilik zynjyrlarynyň täzeden guralmagy we sebit bazarlarynyň ähmiýetiniň artmagy Günorta Aziýa ugrunyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Dünýäniň iň uly sarp ediş bazarlarynyň biri, ýokary senagat kuwwaty we çalt ösýän maýa goýum işjeňligi jemlenen Günorta Aziýa dünýä ykdysadyýetiniň iň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär.
Şu şertlerde Özbegistanyň Günorta Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy barha amaly ykdysady mazmuna eýe bolýar. Gürrüň tutuş sebit üçin ösüşiň täze mümkinçiliklerini emele getirmäge ukyply söwda, maýa goýum we institusional hyzmatdaşlygyň durnukly mehanizmlerini döretmek barada gidýär. Bu işde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde garalýan Owganystan aýratyn orun eýeleýär.
Bu özgertmeleriň amaly beýany hökmünde 2025-nji ýylyň maý aýynda «Termez» Halkara Söwda Merkeziniň binýadynda «Termez dialogy» atly ilkinji sebitara forum geçirildi. Bu forum Özbegistanyň Merkezi we Günorta Aziýanyň özara baglanyşygyny berkitmek boýunça başlangyjyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Bu başlangyç öň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasynda berkidilipdi.
Forumyň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar, energetika, azyk howpsuzlygy, howa durnuklylygy we Owganystanyň sebit proseslerine goşulyşmagy ýaly meseleler esasy orun eýeledi. Forumyň aýratyn ähmiýeti ykdysady özara garaşlylyk, açyklyk we bilelikdäki ösüş ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlyk platformasyny döretmäge bolan synanyşyk bilen baglanyşykly boldy.
«Termez dialogyny» yzygiderli geçirmek baradaky karar hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň institusional esaslaryny döretdi. Şeýlelikde, Termez Günorta Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşyklary ösdürýän täze geoykdysady meýdançalaryň birine öwrülýär.
Özbegistanyň Günorta Aziýa ýurtlary bilen söwdasy
Häzirki wagtda Özbegistan sebitdäki ýurtlaryň arasynda Günorta Aziýa döwletleri bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny iň işjeň ösdürýän ýurtlaryň biridir.

Sebitara baglanyşygyň giňelmegi haryt dolanyşygynyň, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we işewürlik işjeňliginiň ösmegi bilen utgaşýar. Bu bolsa gatnaşyklaryň çäkli serhetara hyzmatdaşlykdan has giň ykdysady integrasiýa modeline geçýändigini görkezýär.
2016–2025-nji ýyllar aralygynda Özbegistan bilen Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 3,2 esse artyp, 3,5 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Şeýle hem Özbegistanyň bu sebite eksporty 3 esse ýokarlanyp, 2 milliard dollara, importy bolsa 4,1 esse artyp, 1,5 milliard dollara ýetdi.
Özbegistanyň Günorta Aziýa eksportynyň esasy bölegi azyk önümlerine degişli bolup, onuň möçberi 976,4 million dollar (48,1%) boldy. Şeýle hem nebit önümleri – 368 million dollar (18,1%), ulag hyzmatlary – 277,8 million dollar (13,7%), senagat önümleri – 140,5 million dollar (6,9%) we himiýa önümleri – 134,9 million dollar (6,6%) möçberinde eksport edildi.
Günorta Aziýa ýurtlaryndan edilýän importyň esasy bölegi himiýa önümlerine degişli bolup, onuň möçberi 477,6 million dollar (32,2%) boldy. Şeýle hem azyk önümleri – 391,4 million dollar (26,4%), ulaglar we enjamlar – 309,1 million dollar (20,8%), beýleki harytlar – 99 million dollar (6,7%) we taýýar önümler – 67 million dollar (4,5%) möçberinde import edildi.
2025-nji ýylda Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda Özbegistanyň söwda dolanyşygy boýunça birinji orny Owganystan eýeledi. Söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 1,7 milliard dollar bolup, bu umumy söwdanyň 47,7%-ine deňdir. Özbegistanyň Owganystana azyk eksporty 712,7 million dollara ýetdi we Günorta Aziýa ýurtlaryna eksport edilýän azyk önümleriniň 75,5%-ini emele getirdi.
Soňky ýyllarda Özbegistan bilen Hindistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürildi. Hindistan söwda dolanyşygy boýunça ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,3 milliard dollara (37,5%) deň boldy.
Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda möçberi boýunça üçünji orny Pakistan eýeledi. Bu görkeziji 445,9 million dollar ýa-da 12,7% boldy. 2025-nji ýylda Özbegistanyň Pakistana eksporty azyk önümlerinden (260,2 million dollar), senagat önümlerinden (21,2 million dollar), hyzmatlardan (30,1 million dollar) we çig maldan (13,2 million dollar) ybarat boldy.
Şol ýyl Pakistandan import edilen harytlaryň arasynda azyk önümleri (56,2 million dollar), himiýa önümleri (45,3 million dollar), senagat önümleri (6,4 million dollar) we dürli taýýar önümler (5,2 million dollar) esasy orny eýeledi.
Soňky dokuz ýylyň dowamynda Günorta Aziýa ýurtlaryndan Özbegistana çekilen göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň we karzlaryň möçberi 1,3 milliard dollara ýetdi. Diňe 2025-nji ýylda bu görkeziji 510 million dollar boldy. Iň uly paý Hindistana (586,7 million dollar) we Owganystana (519,2 million dollar) degişlidir.

Termez – sebitara baglanyşygyň merkezi
Özbegistanyň Günorta Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşinde Termez aýratyn orun eýeleýär. Merkezi we Günorta Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän şäher söwda, maýa goýum we ynsanperwer merkez hökmünde iki sebiti birleşdirýär. Taryhy taýdan Termez Ýewraziýanyň iň uly söwda we siwilizasiýa giňişlikleriniň çatrygynda ýerleşip, sebitara gatnaşyklaryň möhüm merkezleriniň biri bolupdyr. Onuň geografik ýerleşişi gadym döwürlerden bäri Hindistany, Owganystany we Merkezi Aziýany birleşdiripdir. Teýmirliler döwründe bolsa şäher sebitiň möhüm dolandyryş, söwda we ylmy merkezleriniň biri bolupdyr.
Şäheriň häzirki ösüşi täze geoykdysady şertlerde şol taryhy ornuň täzeden dikeldilýändigini görkezýär. 2016-njy ýyldan bäri bu ýerde Owganystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň çatrygynda ýerleşýän «Termez Cargo Centre» halkara logistika merkezi işleýär.
Soňky ýyllarda bu merkez BMG-niň Bütindünýä Azyk Maksatnamasy we BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy arkaly Owganystana ynsanperwer kömeginiň iberilmeginde iň möhüm ugurlaryň birine öwrüldi.
Sebitiň ösüşine goşmaça itergi 2024-nji ýylda Owganystan serhediniň golaýynda açylan «Aýritom» Halkara Söwda Merkeziniň açylmagy bilen berildi. Häzirki wagtda bu merkez diňe bir söwda meýdançasy bolman, eýsem logistika, telekeçilik, bilim we ynsanperwer başlangyçlary birleşdirýän doly hukukly geoykdysady platforma öwrülýär.
Merkeziň çäginde erkin söwda zolagy hereket edýär. Bu ýerde Günorta Aziýa ýurtlarynyň işewürleri üçin ýeňilleşdirilen şertler döredildi. Wizasyz tertip girizildi, daşary ýurt walýutalarynda hasaplaşyklary geçirmek mümkinçiligi döredildi. Owganystanyň we Pakistanyň telekeçileri bolsa toplumyň çäginde iş alyp barmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem bilim we saglygy goraýyş desgalaryny öz içine alýan durmuş infrastrukturasynyň ösüşi dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda «Aýritom» Halkara Söwda Merkezi 36 gektar meýdany eýeleýär, 3 müňden gowrak dükanlary öz içine alýar we takmynan 5,5 müň iş ornuny döredýär. Açylan gününden bäri merkeze 440 müňden gowrak adam baryp gördi, ýyllyk eksportyň möçberi bolsa 1,2 milliard dollara ýetdi.
Termezde owgan raýatlary üçin bilim edarasy hem hereket edýär we giňelýän sebitara hyzmatdaşlyk üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamy ösdürilýär.
Şeýlelikde, Termez Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär. Söwda infrastrukturasynyň, logistika ulgamlarynyň, ynsanperwer taslamalaryň we işewürlik işjeňliginiň ösdürilmegi iki sebitiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeldýär we Özbegistanyň sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki ornuny güýçlendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, «Termez dialogy» Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň uzak möhletli bähbitlerini ylalaşdyrmak üçin hemişelik meýdança hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Geljekki forum söwda, maýa goýumlar, azyk howpsuzlygy, suw serişdeleri we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Şol bir wagtyň özünde, dialogyň yzygiderli geçirilmegi pragmatiki hyzmatdaşlyga, ykdysady özara garaşlylyga we iki sebitiň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine esaslanýan has durnukly sebitara gatnaşyklaryň emele gelmegine ýardam berýär.
Awtor: Ziýoda Rizaýewa, Ykdysady barlaglar we özgertmeler merkezi
Material Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan hödürlenildi.
