28-nji maýda, penşenbe güni Pars aýlagy sebitinde harby hereketleriniň başlanyna laýyk üç aý doldy. Bu çaknyşyklar dünýä ykdysadyýetine örän oňaýsyz täsirini ýetirip, energetika pudagyna, logistika, maliýe bazarlaryna, birnäçe senagat pudaklaryna, azyk howpsuzlygyna we şuna meňzeşlere zyýan berdi.
Emma biz, ýokarda agzalanlaryň ählisinden başga-da, Eýranda asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelýän medeni hem-de taryhy ýadygärliklere zeper ýetirilendigini uly gynaç bilen bellemeli bolýarys.
Häzirki Eýranyň çäklerinde iň gadymy döwürlerden bäri beýik siwilizasiýalar döräpdir, gülläp ösüpdir we wagtyň geçmegi bilen taryhyň sahypalaryna siňipdir. Olaryň biri — biziň eýýamymyzdan öňki IV–III müňýyllyklarda dörän Elam siwilizasiýasydyr. Eýýäm şol döwürde elamlylar ösen ýazuw ulgamy, binagärligi we sungaty bolan çylşyrymly jemgyýeti gurmagy başarypdyrlar. Şeýle hem olar öz ybadathanalary, keramiki önümleri we bürünçden ýasalan gap-gaçlary bilen meşhurlyk gazanypdyrlar.
Biziň eýýamymyzdan öňki birinji müňýyllykda, häzirki Eýranyň edil şol çäklerinde Midiýa siwilizasiýasy hem bolupdyr. Ol biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda özüniň iň ýokary ösüş derejesine ýetipdir. Midiýa medeniýeti baý hem-de dürli-dürli bolup, metallurgiýa we oba hojalygy pudaklarynda ýokary derejeli ukyplary bilen tapawutlanypdyr. Mundan başga-da, midiýalylar dünýäniň ilkinji dinleriniň biri bolan zoroastrizmiň (otparazlygyň) esaslarynyň kemala gelmegine uly goşant goşupdyrlar.
B.e.ö. 550-nji ýylda Kir II tarapyndan esaslandyrylan Ahemeniler döwletini hem belläp geçmän bolmaz. Ol Gadymy dünýäniň iň beýik imperiýalarynyň biri bolup, iki asyrdan gowrak wagtlap dowam edipdir we Yrak, Siriýa, Müsür hem-de Hindistanyň käbir böleklerini öz içine alýan ägirt uly çäkleri gurşap alypdyr. Imperiýa merkezleşdirilen dolandyryşy, patyşanyň wekilleri tarapyndan dolandyrylýan ägirt uly welaýatlar — satraplyklar ulgamy, ýokary hilli ýollary we poçta gullugy bilen meşhurdy.
Eýýäm täze erada — III asyrdan VII asyra çenli bolsa — bu künjeklerde Sasanylar imperiýasy özüniň şöhratynyň iň ýokary derejesinde bolupdyr.
Bu we beýleki siwilizasiýalar nesillere baý miras galdyrmak bilen, dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Şonuň ýaly-da, dünýä siwilizasiýasy hem Persiýanyň medeniýetine öz täsirini ýetiripdir.
...Her gün dünýä täzeliklerini yzarlap otyrkam, söweş hereketleri baradaky çalt gezekleşýän habarlaryň arasynda, bir seredeniňde garaşylmadyk bolup görünýän bir habar dykgatymy çekdi we biz ony soňra ORIENT saýtynda ýerleşdirdik. Habarda Tähranyň merkezinde simfoniki orkestriň konsertiniň bolup geçendigi aýdylýardy.
Pars aýlagyndaky dörän çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, 800 orunlyk zal doludy. Ýygnananlar dünýä nusgawy saz sungatynyň iň beýik eserlerini — Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň we Lýudwig wan Bethoweniň eserlerini ýerine ýetirýän sazandalaryň ussatlygyna uly gyzyklanma bilen diň salýardylar.

Tomşaçylaryň özleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýularynda bu agşamyň olara geljege bolan ynamyny gaýtaryp berendigini bellediler. Gelýänleriň biri sazyň hemmelere penjiräniň aňyrsyndaky sarsgynlara we partlamalara garamazdan, durmuşyň owadanlygyna galýandygyny, medeniýeti bolsa bombalar we raketalar bilen ýok edip bolmajakdygyny ýatladandygyny nygtady.
Men bu barada okanymda, aňymda bada-bat Şükür bagşy baradaky rowaýat — öz sungaty bilen bütin bir goşundan has köp iş bitirip bilen sazanda hakyndaky hekaýat janlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitaplarynyň birinde bagşy sazandasynyň öz zehininiň güýjüni ulanyp, gan dökülmeginiň öňüni nähili alandygynyň mysaly hökmünde şu tema boýunça düşürilen «Şükür bagşy» filmini mysal getirýär.
Meniň ýadyma gabawdaky Leningradda ýerine ýetirilen Şostakowiçiň ölmez-ýitmez Ýedinji simfoniýasy düşdi. Bu sungatyň urşa garşy durup bilýän ruhy ýaraga öwrülip biljekdiginiň ýene-de bir mysalydyr. Gabaw şertlerinde orkestri ýygnamagyň özi eýýäm bir edermenlikdi. Sazandalary bütin şäher boýunça gözlediler, hatda olaryň käbirini frontuň öň hataryndan yzyna çagyrdylar. Olaryň köpüsi açlykdan, ýaralardan we kesellerden ýaňa tapdan düşen adamlardy.
Emma, her niçik hem bolsa, konsert amala aşyryldy. Simfoniýany radio we gataldyjy ses guraly arkaly bütin Leningrada ýaýratdylar. Saz gabawdaky şäheriň ýaşaýjylaryna umyt berdi. Ol şäheriň diridiginiň we göreşini dowam edýändiginiň subutnamasyna öwrülip, adamlara lapykeçligi ýeňip geçmäge kömek etdi.
Taryha «Palmira üçin doga bilen» diýen at bilen giren ýene-de bir ýatdan çykmajak konsert. Ol on ýyl mundan ozal, 2016-njy ýylyň maý aýynda bolup geçdi. Waleriý Gergýewiň ýolbaşçylygyndaky Mariinskiy teatrynyň simfoniki orkestri terrorçylardan azat edilen Palmiranyň gadymy rim amfiteatrynda çykyş etdi.
Dünýä belli sazandalar, adatça, fiziki taýdan taplanan adamlar däl. Olar üçin meşhur konsert zallarynda çykyş etmek, gastrollar wagtynda iň gowy myhmanhanalarda ýaşamak, žurnalistlere interwýu we janköýerlere awtograf bermek has tanyş ýagdaýdyr. Emma Palmirada olara Siriýa çölüniň jokrama yssysy, günüň ýiti şöhleleriniň astyndaky çykyş we dürli oňaýsyzlyklar garaşýardy. Onuň üstesine-de, şäheriň bary-ýogy birnäçe kilometr golaýynda söweşijiler gezip ýördüler.
Muňa garamazdan, inçe sungaty söýýän tomaşaçylaryň üns-aladasyna öwrenişen döredijilik wekilleri — sazandalar hiç hili ikirjiňlenmän, weýran edilen şähere gitmäge razy boldular. Olar öz çykyşlary bilen dünýäde hakyky sungata ýer bar wagty durmuşyň dowam etjekdigini subut etdiler.
Gergýewiň özi şonda Palmirada ýaňlanan sazyň « dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak ýadygärliklerini ýok eden adamkärçiliksiz ynsapsyzlara, rehimsizlik we zorluga garşy ruhy agyry, gahar-gazap, protestdigini» belledi. Waleriý Abisalowiç Palmiradaky konsertiň bütin dünýäni parahatçylyga çagyryşdygyny hem nygtady.
Ine, 21-nji maýda Tähranyň simfoniki orkestri bombalardan ýara alan şäherde konsert berdi. Bu çykyş jemgyýet üçin umydyň, durnuklylygyň we sungatyň weýrançylykdan has güýçlüdigine bolan ynamyň janlandyryjy nyşanyna öwrüldi. Tomaşaçylar we resmi şahsyýetler geosyýasy sarsgynlaryň bolup geçýän wagtynda akademiki sazdan doly zalyň medeniýeti hatda iň döwrebap ýaraglar bilen hem ýok edip bolmajakdygynyň göni beýanydygyny bellediler.
Medeniýet ministriniň orunbasary Mehdi Şafii krizisler we uruşlar döwründe sungatyň durnuklylygy, umydy we durmuş agzybirligini berkitmek üçin gural bolup hyzmat edýändigini nygtady.
«Associated Press», «Reuters» we «Anadolu» ýaly habar agentlikleri bu wakada Tähranyň saz dünýäsiniň «oýanmagynyň» alamatyny hökmünde gördüler. Žurnalistler bolsa Çaýkowskiniň we Bethoweniň eserleriniň ýerine ýetirilen doly zalyň «Uruş gidip durka-da, sungat gizlenmeýär» diýen düşünjäni bellediler.
Uruş toplaryň dilinde geplär, Parahatçylyk bolsa sazyň dilinde. Käwagt sungatyň pessaý sesi gylyçlaryň şakyrdysyndan hem gatyrak ýaňlanýar.
…Pýotr Ilýiç Çaýkowskiý — sazy gar ýagýan Stokgolmda-da, hemişe yssy Kairde-de, uzak Günbatardaky Nýu-Ýorkda-da we Gündogarda günüň dogşuny ilkinji bolup garşylaýan Tokioda-da birmeňzeş kabul edilýän seýrek kompozitorlaryň biridir.
Şu ýylyň başynda — 7-nji, 9-njy we 10-njy ýanwarda — Nýu-Ýorkuň filarmoniki orkestri Çaýkowskiniň Birinji konsertini üç gezek ýerine ýetirdi. Fortepianoda sungatşynaslaryň «öz nesliniň iň kämil pianinoçysy» diýip atlandyrýan Özbegistanyň görnükli sazandasy Behzod Abduraýimow çaldy.
...Meniň Çaýkowskiniň sazy baradaky ilkinji täsirlerime gelsek, olar entek okap-ýazyp bilmeýän irki çagalyk döwrüme degişlidir. Ol wagtlar entek internet oýlap tapylmandy (meniň we deň-duşlarymyň bagtly çagalygy bardy), telewideniýede bolsa häzirki joşgunly maglumat deňzinde gark bolan döwrümizdäki ýaly köp sanly kanallar ýokdy. Adamlar sada bolup, ýönekeý ynsanperwer gatnaşyklara begenýärdiler.
Emma men Çaýkowskiniň Birinji konsertini haýran galmak bilen diňleýärdim. Onuň ilkinji taktlaryndan başlap, waltornanyň gadymy awçy şahynyň sesini ýatladýan jadyly owazy meniň çagalyk hyýallarymy ganatlandyrýardy. Bu guralyň surnaý ýaly ýaňlanýan sesi maňa gökden inýän ýaly bolup görünýärdi. Waltornanyň çagyryş edýän sesiniň üç gezek gaýtalanmagy, yzyndan bolsa — fortepianonyň nurana, durmuşy dabaralandyrýan akkoordlary!
Her gezek şol plastinkany diňlänimde, joşup gelen tolgunmadan ýaňa demim gysylardy. Bu duýgular meniň çagalyk aňyma şeýle bir mäkem ornaşypdyr welin, men häzir hem Çaýkowskiniň Birinji konsertiniň giriş bölegini eşidenimde, beýnimiziň öýjükleriniň çuňluklarynda gizlenen şol bir duýgulary başymdan geçirýärin. Olar meni akyl ýetirip bolmajak bir täsinlik bilen uzak geçmişe dolap getirýärler.
Edil şol wagt kakam maňa — bäş ýaşly çagajyga plastinkadaky sazyň meşhur Wan Klibern tarapyndan ýerine ýetirilen Çaýkowskiniň meşhur Birinji konsertidigini gürrüň beripdi. Amerikaly pianinoçy Wan Klibern bu kompozitoryň eserlerini ussatlyk bilen çalyp, sowet saz muşdaklarynyň göwnüni awlapdy.
Şol konsertiň 1958-nji ýylda ýazgy edilen albomy taryhda “platina” derejesine ýeten ilkinji nusgawy saz albomy boldy. Edil şol ýazgy 1959-njy ýylda Wan Kliberne “Gremmi” baýragyny getirdi.
Biraz wagtdan, men az-kem ulalanymdan soň, Sowet Soýuzy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň çylşyrymlydygy barada bildim. Emma bu kynçylyklar amerikaly sazandanyň uly päsgelçilikleri ýeňip geçip, ilkinji gezek geçirilýän P.Çaýkowskiý adyndaky Halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin Moskwa gelmegine böwet bolup bilmedi.
Wan Kliberniň çykyşy wagtynda görlüp-eşidilmedik we örän dramatik waka boldy. Onuň çalyp oturan roýalynyň tary sypdy! Sowet tomaşaçylary demini alman doňup galdylar, emma amerikaly pianinoçy hiç zada üns bermän, bar durky bilen saza berlip çalmagyny dowam etdi. Netijede, ol ähli tapgyrlaryň jemleri boýunça Pýotr Ilýiç Çaýkowskiý adyndaky I Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy!
Joşgunly el çarpyşmalar, müňlerçe gül we hakyky söýgi amerikaly sazandanyň Moskwa topragyndaky ähli duşuşyklaryna hemra boldy. Soňra synçy žurnalistler Wan Kliberniň daňylgy barmagyna üns berdiler, ol bolsa muňa: «Bu hiç zat däl» diýip, ýönekeýje jogap berdi. Watanynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolsa sazandany gahryman ýaly garşyladylar. Hatda Manhettende dabaraly ýöriş hem gurnaldy.
Günbatarda-da, Gündogarda-da alnyp barlan güýçli ideologik täsirlerine garamazdan, Wan Kliberniň Çaýkowskiniň sazyna we umuman rus medeniýetine bolan hakyky söýgisi (ol özüni «rus ýüreginiň eýesi» diýip atlandyrýardy), diňe bir dürli ýurtlarda däl, eýsem biri-birine barlyşyksyz duşmançylykly ulgamlarda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň arasyndaky agzalalyk doňuny birsellem eritmegi başardy.

...Onýyllyklar geçýär, döwürler we gapma-garşylyklaryň atlary üýtgeýär, ýöne hakyky sungat üýtgewsiz galýar. Tähranyň doly zalynda maý aýynda ýaňlanan Çaýkowskiniň we Bethoweniň owazlary munuň iň gowy subutnamasydyr — saz ýaňlanyp durka, parahatçylyga bolan umyt diridir.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
