Dünýäniň iň iri içgi guýujy kompaniýalarynyň biri bolan Swire Coca-Cola resmi taýdan iki iri önümçilik merkezini işe girizdi. Täze ekologiýa taýdan arassa we sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar Hytaýyň Guandun we Szýansu welaýatlarynda açyldy. Bu taslama kompaniýanyň logistika ulgamyny ep-esli berkitmäge we sebitdäki bölek söwda nokatlarynyň üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Birinji önümçilik bazasy Guançžou şäherinde açyldy. Bu taslama goýlan maýa goýumlaryň möçberi takmynan 1,25 milliard ýuana (184 million dollardan gowrak) deň boldy. Meýdany 130 müň inedördül metre golaý bolan zawod ýurduň günorta sebitinde önümçilik kuwwatyny birbada 66 göterim ýokarlandyrar.
Ikinji önümçilik toplumy Kunşan şäherinde işe başlady. Bu taslama üçin meýilleşdirilen umumy maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard ýuana barabar. Iki önümçilik meýdançasynda jemi 20-den gowrak häzirki zaman önümçilik liniýasy oturdyldy. Olar 20 dürli brendiň çäginde 100-den gowrak görnüşdäki içgileri öndürmäge ukyplydyr. Bu giňeltme kompaniýanyň ýurduň materik bölegindäki umumy önümçilik kuwwatyny 10 göterim artdyrar.
Täze zawodlaryň esasy aýratynlygy ekologiýa, sanlylaşdyrma we akylly önümçilik ýörelgelerine esaslanmagydyr. Kärhanalarda energiýany tygşytlamak, uglerod zyňyndylaryny azaltmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we galyndylary gaýtadan işlemek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyryldy. Ähli önümçilik amallary zatlaryň interneti (IoT), bulut esasly uly maglumatlar (Big Data) we emeli aň tehnologiýalary arkaly dolandyrylýar.
Sarp edijiler we işewürlik üçin bu ädim möhüm bir meýli görkezýär: azyk senagatynyň ägirtleri uzak möhletleýin döwrebaplaşdyrma, ýokary hile we ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berýärler. Ýerli önümçiligiň ösmegi bolsa meşhur içgileriň üznüksiz üpjün edilmegini we bazardaky görnüşleriň artmagyny üpjün eder.
ORIENT
