Tehas A&M uniwersitetiniň alymlary garramaga garşy lukmançylyk pudagynda uly üstünlik gazanyp, beýniniň biologik garramagyny haýallatmaga we yzyna gaýtarmaga ukyply täsin burun spreýini işläp taýýarladylar.
Janly dokumalarda geçirilen birnäçe üstünlikli barlaghana synaglarynyň dowamynda synag derman nerw öýjükleriniň ýaş bilen bagly zaýalanmagynyň esasy sebäbi hasaplanýan dowamly mikroçişmäniň derejesini ep-esli peseltmäge ukyplydygyny görkezdi.
Spreý gönüden-göni neýronlaryň energiýa ulgamlaryna täsir edip, olaryň öýjük işjeňligini dikeldýär we kognitiw funksiýalary gowulandyrýar. Taslamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, dermanlary burun boşlugy arkaly ulanmak molekulalara gorag päsgelçiligini çalt geçmäge hem-de işjeň maddalary gönüden-göni zeper ýeten böleklere ýetirmäge mümkinçilik berýär. Täze tehnologiýa ýadyň ýaş bilen bagly üýtgemeleriniň öňüni almakda we agyr neýrodegeneratiw keselleri bejermekde düýbünden täze mümkinçilikleri açýar.
Alymlar beýniniň garramagyny yzyna gaýtarmagyň mümkindigine ynanýarlar. Sebäbi öýjükden daşary wezikulalara esaslanýan burun spreýi bilen geçirilen bejerginiň täsiri barlaghana haýwanlarynda dermanyň diňe iki gezekden soň ýüze çykyp, birnäçe aýlap dowam etdi. Topar ABŞ-da patent almak üçin ýüz tutdy.
