
Türkmen paýtagtynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasynyň tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin esasy seljeriş we bilermenler platformasy hökmünde döredilmegi, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak çäklerinde Aşgabadyň möhüm teklipleriniň birine öwrüldi. Bu giň gerimli başlangyç 28-nji maýda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň MG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýew bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda beýan edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen bellediler we 20-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnamanyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Diplomatlaryň nygtamagyna görä, bu resminama ýurduň parahatçylyk söýüji we konstruktiw daşary syýasat ugrunyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
BMG-niň täze kararnamasynyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde, türkmen tarapy degişli müdürligiň ýolbaşçylaryna häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen dört sany iri halkara başlangyçlaryny beýan etdi. Olaryň hataryna Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň binýadynda Parahatçylygy, bitaraplygy we öňüni alyş diplomatiýasy meselelerini öwrenmek boýunça Akademiki merkeziniň döredilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde jedelleri parahatçylykly çözmegiň anyk mehanizmi hökmünde Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek girýär.
Mundan başga-da, Aşgabat Bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek boýunça BMG bilen bilelikde Ählumumy gollanmany işläp taýýarlamagy teklip etdi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyny ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şunda Aşgabatda hereket etýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de goldamaga ygrarlydygyny beýan etdi.