Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç sişenbe güni Hytaýy ählumumy durnuklylygyň has möhüm daýanjy diýip atlandyrdy. Ol Hytaýyň yzygiderli syýasatynyň, jogapkärli ýolbaşçylygynyň hem-de parahatçylyga we ösüşe ygrarlylygynyň barha durnuksyzlaşýan dünýäde ynam döredýändigini mälim etdi.
Aleksandr Wuçiç bu beýanaty 24-28-nji maý aralygynda Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda, Pekinde «China Media Group» (CMG) gullugyna beren eksklýuziw interwýusynda aýtdy.
Saparynyň öňüsyrasynda ol bu sapary özüniň syýasy karýerasynyň iň möhüm döwlet sapary diýip atlandyrdy we Hytaýyň halkara täsiriniň barha artýandygyny hem-de onuň durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekdäki ornuny aýratyn belledi.
Aleksandr Wuçiç beýleki iri döwletleriň has ynamdar bolmadyk (öňünden çaklap bolmaýan) ädimleri ädýän wagtynda, Hytaýyň ählumumy durnuklylygyň barha möhüm merkezine öwrülýändigini aýtdy.
«Näme üçin biz beýle diýýäris? Wagt çäklendirmeleri sebäpli. Bu şeýle bir aýratyn pursat, beýleki köp sanly iri döwletleriň nähili garaşylmadyk ädimleri ädýändigini görýärsiňiz, olaryň ertir näme etjekdigini öňünden bilip bolmaýar. Bu bolsa bizi birinji netijä getirýär: şol bir wagtyň özünde Hytaý diňe bir Aziýanyň bu bölegi üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin durnuklylygyň has-da möhüm merkezine öwrüldi. Sebäbi bütin dünýäde Başlyk Si Szinpiniň pikirine garaşýan halklar, ýurtlar we döwletler bar. Olar uly “garaşylmadyk pursatlaryň” bolmajakdygyny bilýärler. Olar Hytaýyň daşary syýasatyna bil baglap biljekdiklerini bilýärler. Olar dünýäde bolup biljek islendik zada jogapkärli ýüzlenmeler we jogapkärli jogaplar beriljekdigine ynanýarlar, bu bolsa häzirki wagtda örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr» — diýip, Prezident Aleksandr Wuçiç aýtdy.
Ol şeýle hem Hytaýdaky durnukly we parahatçylykly ýagdaýa ýokary baha berdi we ýurduň jogapkärli ýolbaşçylygynyň diňe bir öz halkynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga däl, eýsem hyzmatdaşlarynyň ösüşini we halkara abraýyny berkitmäge hem goşant goşandygyny mälim etdi.
«Ikinji ýagdaý — dünýäniň beýleki ähli künjeklerindäki durnuksyzlykdyr, Hytaý bolsa durnuklylygy, asudalygy we parahatçylygy elmydama üpjün edip geldi.
Üçünji ýagdaý — hytaý halkynyň maksada okgunlylygy bolup, ol Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylygynyň paýhasly çözgütleri bilen utgaşýar.
Hytaý — jogapkärli ýolbaşçylygyň öz halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de häzirki zaman syýasy meýdanynda diňe bir Hytaýyň özüniň däl, eýsem onuň ähli hyzmatdaşlarynyň ornuny gowulandyrmaga nähili ýardam edip biljekdiginiň ajaýyp nusgasydyr» — diýip, Aleksandr Wuçiç aýtdy.