Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.