Samsung

Sport

27.02.2025 10:55
387
Aziýada sportuñ intellektual görnüşlerini we kibersporty ösdürmek maksady bilen, sportuñ intellektual görnüşleriniñ Aziýa birleşigi (AMSA) döredildi.
26.02.2025 19:05
375
Türkmenistanda futbol çempionaty 4-nji martda başlanýar. Ol sekiz klubyň gatnaşmagynda dört tapgyrda geçer. Olar: “Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”.
26.02.2025 12:50
516
Türkmenistanda “Aýyň türgeni” atly bäsleşik yglan edildi. Onuň çäklerinde raýatlar SMS-ses berilişik arkaly aýyň iň gowy türgenini kesgitlärler. Başlangyç Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy, “Mahabat” müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan durmuşa geçiriler.
26.02.2025 04:15
343
Fewral aýynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki buýrugy hasaba alyndy. Bu resminama, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatlaryň şahadatnamalaşdyrylmagynyň täze tertibini tassyklaýar
25.02.2025 23:00
1324
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» şygary bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler
25.02.2025 12:30
537
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi XX Aziýa oýunlaryna giriziljek 11 sany kibersport görnüşleri barada yglan etdi. Oýunlar 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Aiti-Nagoýide (Ýaponiýa) şäherinde geçiriler.
24.02.2025 12:50
317
VI Yslam raýdaşlyk oýunlary 2025-nji ýylyň 7-21-nji noýabry aralygynda Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu oýunlar gatnaşyjy-ýurtlar üçin möhüm çäre bolup durýar. Sebäbi musulman döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de sportuň ýaýbaňlanmagyna ýardam berýär.
20.02.2025 13:00
216
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Mekdep ligasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu hem 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda onlaýn-görnüşinde geçirilen iş maslahatyň netijesi boldy.
19.02.2025 03:15
518
10 günlik dartgynly küşt bäsleklerinden soň, Türkmenistanyň Ýokary liga küşt çempionaty tamamlandy. 9-18 fewral aralygynda Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebinde iki kategoriýada – açyk we zenanlar kategoriýasynda guralan bäsleşikler uly gyzyklanma döretdi
15.02.2025 10:00
281
2025-nji ýylda Demirgazyk-Gündogar Hytaýyñ Heýlunszýan welaýatynyñ Harbin administratiw merkezinde geçirilen gyşky Aziýa oýunlary 14-nji fewralda taryhy netijeler bilen tamamlandy. Sebit üçin bu möhüm waka boldy, sebäbi oña Aziýanyñ 34 ýurdundan we sebitinden 1200-den gowrak türgenleri gatnaşdy. Bu hem gatnaşyjylaryñ sany boýunça rekord görkeziji boldy.