Özbegistanda «ýaşyl» energiýanyň paýyny 16%-den 26%-e çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär
27-nji ýanwarda geçirilen maslahatda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, daşky gurşawy goramak we «ýaşyl ykdysadyýet» Ýylynyň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny gözden geçirdi. Täze maksatnama boýunça «ýaşyl» energiýanyň paýyny ýylyň ahyryna çenli 26%-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.