Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosasiýasy öz tejribesini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýyn. Resmi gatnaşyklary ýola goýmak we iki ýurduň futbol federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Palwanow bilen RBFA-nyň (Royal Belgian Football Association) direktory Peters Willems ara alnyp maslahatlaşdy.
Olimpiada – 2024 öň syrasynda Parižde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi. Duşuşyga Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Merkezi Aziýa sebiti döwleriniň ýagny Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletleriniň MOK-nyň prezidentleri we baş sekretarlary gatnaşdylar.
Astrahanda 8-nji oktýabrda açyljak “Hazar oýunlaryna” taýýarlyk görülýär. Bu barada Astrahan sebitiniň degişli edarasynyň portalynyň web sahypasynda habar berilýär.
Azerbaýjanda 2025-nji ýylda Ganja şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek üçin guramaçylyk komiteti döredildi. Degişli Buýruga Respublikanyň Prezidenti Ilham Aliýew gol çekdi.
Azerbaýjan indiki ýyl geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň III oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýär. Bu barada Respublikanyň ýaşlar we sport ministri Farid Gaibow aýtdy diýip, AZERTAJ habar berýär.
Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisine gatnaşarlar. Şeýle hem bu ýaryşa Russiýanyň, Belorussiýanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň wekilleri gatnaşar.