Fransuz speleologlary Köýtendagyň karst döremeleriniň kartasyny düzmekligi meýilleşdirýärler
Fransiýanyň speleologiýa federasiýasyndan spelebiologlaryň we karstologlaryň topary Köýtendagdaky «Gülşirin» gowagynyň wirtual 3D kartasyny düzmek üçin onuň meýdanynyň 70%-niň lazer barlagyny geçirdiler. Häzir alymlar Köýtendag goraghanasyndaky karst labirintlerindäki oňurgasyz haýwanlary öwrenmek bilen meşgullanýarlar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti ýazýar.