Samsung

Medeniýet

26.09.2024 23:30
478
Moskwanyñ Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyñ beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ heýkeli oturdylar. Dabaraly çäräniñ geçirilmegi öñümizdäki hepdäniñ başyna, ýagny 30-njy sentýabryna meýilleşdirilen. Granit esasda bürünç heýkeliñ awtory Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiñ agzasy heýkeltaraş Zahid Babaýew.
26.09.2024 18:00
537
Türkmenistanyň Döwlet sirki Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli sentýabr aýynyň 28-29-na sagat 18:00-da sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.
25.09.2024 13:40
586
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli wekili Sarahs Babaýewe hem-de artist Annajemal Nurmuhammedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy.
25.09.2024 02:25
932
Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan joşgunly medeni çäre geçirildi. Bu dabara medeni ulgamyň wekillerini, ýagny Merkezi Aziýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň moda we sungat işgärlerini, şeýle hem bu ugurdaky dürli guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Bu çäre Medeniýet alyş-çalyş hepdeliginiň bir bölegi boldy we häzirki zaman sungat we moda görnüşleri arkaly türkmen däp-dessurlaryny goramagyň möhümdigini görkezdi.
24.09.2024 23:50
751
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy, Tokioda geçirilen Türki döwletleriniň Medeniýet festiwalynyň çäginde türkmen halkynyň amaly-bezeg we şaý-sepleriniň sungat eserleriniň sergisini gurnady.
23.09.2024 02:30
810
Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwaly özüne uly üns çekdi: 9 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 300 isleg habarlary geldi.
21.09.2024 04:10
1040
Moskwada her ýyl geçirilýän Nury Halmämedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly halkara aýdym-saz festiwalyny geçirmäge taýýarlanýar. Çäreler oktýabr aýynda bolar we 15-nji sentýabrda bellenilen däbe görä Zurab Tsereteli galereýasynda emin agzalarynyň we geçen ýyllaryň laureatlarynyň konserti geçirildi.
18.09.2024 19:30
884
Russiýanyñ Medeniýet ministri Olga Lýubimowa GDA ýurtlaryny ilkinji gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyñ oktýabr aýynda geçiriljek Açyk Ýewraziýa kino baýragyna gatnaşmak üçin çagyrdy.
17.09.2024 15:55
534
Şu ýylyň 28-nji oktýabr – 3-nji noýabr aralygynda geçiriljek Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalynyň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy. Festiwalyň guramaçylarynyň we oňa gatnaşyjylarynyň adyna gutlaglar gelip gowuşýar. Meşhur gruzin we rus suratkeşi, heýkeltaraşy we pedagogy Zurab Seretelli hem öz ýakymly gutlag sözlerini ýollady. Aşakda onuň gutlagy dolulygyna getirilen.
13.09.2024 19:00
830
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu kitaby Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili terjime etdi.