Brýusselde türkmen sungatynyň özboluşly önümleri görkezildi
19-njy ýanwarda Brýusseliň abraýly Sablon galereýa sebitinde, dünýäniň ähli künjeginden sungat bilermenleriniň, medeniýet işgärleriniň we kolleksiýonerlaryň ýygnanýan ýerine öwrülen ýerde, özboluşly medeni çäre geçirildi. Türkmenistana degişli senetçilik işleri, şol sanda däp bolan şaý-sepler, halylar, dokma önümleri we beýleki amaly-haşam sungat eserleri aýratyn galereýada sergilendi