Samsung

Ekodünýä

21.09.2023 11:26
2276
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerini tutýan Turan düzülügi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Tebigy mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baradaky çözgüt Guramanyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji mejlisinde kabul edildi.
19.09.2023 18:53
1359
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" (Zero Waste) Jarnamasyna meýletin ilkinji bolup gol çeken adam boldy. Bu başlangyç onuň aýaly Emine Ärdogan tarapyndan öňe sürlüpdi diýip, "Anadolu" habarlar agentligi mälim edýär.
18.09.2023 20:37
1130
Hepdäniň birinji ýarymynda paýtagtda howa +23 gradus töwereginde bolup, ikinji ýarymda +21 gradusa çenli peseler. Gijelerine howa +18 - +15 gardus aralygynda üýtgär.
16.09.2023 15:51
1349
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Çifyn şäher okrugynda geçirilen tokaý hojalygy pudagynyň ministrler derejesindäki 3-nji maslahatyna gatnaşdy.
14.09.2023 20:59
1411
“Arassa oýunlar” ady bilen 16 – 24-nji sentýabrda zyňyndylary saýlamak we toplamak boýunça bäsleşikler geçiriler. Şeýle bäsleşikleriň 110-sy Russiýanyň sebitlerinde we 50-si 8 sany ýewraziýa ýurtlarynda geçiriler.
14.09.2023 15:28
1486
Keşdeçilik sungaty boýunça ilkinji halkara maslahat Azerbaýjanda geçiriler. Bu başlangyç Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň dolandyryş mejlisinde makullandy.
13.09.2023 21:21
1786
Ýaponiýanyň Hökümeti Aral ýakasynda oba hojalygyny ösdürmek üçin 2 million dollar möçberde serişde goýberdi. BMG-niň Ösüş maksatnamasy sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslama girişdi.
11.09.2023 09:37
1204
1-2-nji dekabrda geçiriljek Howa boýunça Ählumumy sammitiň (COP28) çäklerinde bir wagtda Howa boýunça işewürleriň we haýyr-sahawatçylaryň forumy geçiriler.
10.09.2023 17:44
1546
Klod atly koala, Awstraliýanyň ewkalipt şitilhanasynda nahallary çeýneýän wagty elin tutulandan soň dünýä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gahrymany boldy. Şitilhananyň eýesi žurnalistlere birnäçe aý ozal işgärleriniň ösümlikleriň ýitýändigine syn edip başlandyklaryny gürrüň berdi. Ilkibaşda olar gaçan geçileriň ýa-da ýerli opossumlaryň ogurlykdan jogapkärdigini güman etdiler.
10.09.2023 12:00
2083
ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy (NASA) Ýeriň emeli hemrasyndan Amyderýa sebitiniň suratyny alyp, özüniň web-saýtynda ýerleşdirdi.