Samsung
jemgyýet
10.06.2022 21:13
2833
Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugy (Rospotrebnadzor) Türkmenistana maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin test-ulgamyny berer hem-de maslahat bermekde ýardam eder diýip, Gullugyň metbugat-gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.
10.06.2022 19:52
1727
Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň wise-gubernatory hem-de hökümetiniň başlygy Oleg Knýazew bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri Astrahan oblasty (RF) bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky doganlaşan şäherler hakynda ylalaşyga, bilim ulgamyndaky ylalaşyga gol çekilmeginden ybarat boldy.
09.06.2022 22:30
1764
Aşgabat-Kazan ugry boýunça howa arkaly yzygiderli gatnawlary 19-njy iýundan täzeden goýbermek meýilleşdirilýär. Munuň şeýledigine Kazan şäheriniň Halkara howa menziliniň saýtynda ýerleşdirilen gatnawlaryň tertibi şaýatlyk edýär.
08.06.2022 23:05
3282
MMA-nyň (garyşyk söweş sungaty) söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Osman imperiýasynyň döreýşi baradaky meşhur türk serialynda keşp janlandyrypdyr. Türgen surata düşürilen wideoýazgylardan bölekleri we kinonyň öňki bölüminden parçalary öz Instagram sahypasynda ýerleşdiripdir.
08.06.2022 22:47
1679
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet wezipelerini eýeleýän ýolbaşçy adamlary barlamak boýunça gözegçilik çäreleriniň täze düzgünnamasyny işläp taýýarlady. Resminama Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi.
07.06.2022 21:00
1388
Agyz-burun örtüklerini ýapyk binalarda we awtoulaglarda dakynyň, açyk howada bolsa aýyryň – diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Türkmenistanyň resmi metbugat sahypalarynda ýatladýar.
05.06.2022 16:08
2161
Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa işde goýberen kemçilikleri we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
05.06.2022 16:02
2485
Hepdäniň anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy – diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
04.06.2022 21:56
2697
Türkmenistanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurduň radioýaýlymlary arkaly pyýada geçelgeleriň öňünde saklanmagyň zerurdygyny sürüjilere ýatladýan habary ýaýratdy.
04.06.2022 01:13
916
Tomsuň başlanmagy bilen Türkiýe Respublikasy COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglylykda, ýurda gelmek babatda kabul edilen hemme talaplary aýyrýar.