Samsung

Medeniýet

09.05.2024 12:41
472
Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň (L’ecole Normale de Musique de Paris Alfred Cortot) professory Sergeý Markarow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhansy habar berýär.
09.05.2024 12:36
792
ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin «Dünýäniň hakydasy» komitetiniň 10-njy mejlisine (MOWCAP) gatnaşýar.
06.05.2024 19:00
973
Şeýle bir bir kompozitorlar bolýar, olar öz döredijiligini haýsydyr bir ugra başbütin bagyş edýärler.Olaryň biri ähli kalby, ýüregi bilen aýdyma berilýär, beýlekisini simfoniki sazlar öz bendiwanyna öwürýär,üçünjisini bolsa saz teatry özüne çekýär. Şu babatda Nury Halmämedow sazanda hökmünde döredijilik gyzyklanmalarynyň giňligi we örän aýdyň hem-de köpgyraňly döredijilik talanty bilen haýran galdyrýar. Türkmeniň tanymal kompozitory Nury Halmämedowyň saz sungaty baý we dürli keşpli:simfoniýa,kamera-instrumental ansambllary,drama oýunlarynyň sazlarykinofilmler, hor üçin salar.Elbetde bulary Nury Halmämedowyň dürli žanrdaky döreden sazlarynyň doly sanawy hasaplamak bolmaz.
04.05.2024 14:06
483
2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.
30.04.2024 09:13
770
Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO bilen bilelikde baýram etmegiň çäklerindäki çäreler üstünlikli tamamlandy.
27.04.2024 08:48
913
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Şandunda medeni syýahatçylyk ulgamy boýunça ýokary derejede geçirilen maslahatda çykyş etdi. Maslahat Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň gatnaşmagynda «Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresiniň çäklerinde geçirildi.
22.04.2024 10:19
574
2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Hyratdaky Baş Konsullygynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň hem-de ýerli medeniýet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp edebiýat agşamy geçirildi.
19.04.2024 16:48
513
18-nji aprelde Minskde Edebiýatçylar öýüniň uly binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde gurady.
19.04.2024 15:28
804
2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.
16.04.2024 23:00
573
Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumlary: beýik akyllaryň sapaklary» atly wideorolikleriň ýa-da taslamalaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygy habar berildi.